Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken täjik, özbek baş diplomatlary bilen duşuşdy, Owganystany maslahat etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken (sagda) we özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow. Waşington. 1-nji iýul, 2021 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken (sagda) we özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow. Waşington. 1-nji iýul, 2021 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 1-nji iýulda Özbegistanyň we Täjigistanyň baş diplomatlary bilen duşuşdy. Maslahatyň dowamynda esasan Owganystandaky ýagdaýlar üns merkezinde boldy. Bu ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan doly çykarylýan döwrüne gabat geldi.

Waşingtondaky duşuşyk soňky hepdeleriň dowamynda “Talybanyň” Owganystanda onlarça etraby öz gol astyna geçirmegi bilen utgaşdy. Jeňçileriň barha öňe ilerlemegi Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümetiniň we owgan howpsuzlyk güýçleriniň synmagynyň mümkindigi baradaky aladalary artdyrdy.

“Talyban” Owganystanyň demirgazyk sebitleriniň ençeme, şol sanda Özbegistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryny öz eline geçirdi. Munuň netijesinde, bu Merkezi Aziýa döwletlerine howpuň abanmagy hem mümkin.

Täjik resmileri bosgunlaryň mümkin akymyna taýýarlanýan döwri, geçen aý Özbegistan serhet ýakalarynyň golaýynda harby türgenleşikleri geçirýändigini yglan etdi.

“Sebitiň howpsuzlygy, esasan hem Owganystan babatynda biziň umumy bähbitlerimiz bar” diýip, Blinken özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen geçiren gysga brifinginde belledi.

Blinken Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleriniň dowamynda, “ABŞ-nyň Täjigistanyň howpsuzlygyna, durnuklylygyna we territorial bütewiligine bolan ygrarlylygyny” bildirdi. Bu barada Döwlet departamenti habar berdi.

Owganystan bilen 804 km uzynlykdaky serhet araçägi bolan Türkmenistandan resmileriň bu hili ýokary derejeli gepleşiklere gatnaşýandygy barada maglumat ýok. Şeýle-de, resmi Aşgabat Owganystandan jeňçileriň abandyryp biljek howpy we söweş hereketleri sebäpli döräp biljek bosgunlaryň akymy barada hem hiç zat aýtmaýar.

Soňky hepdeleriň dowamynda käbir habar serişdeleri, şol sanda “The New York Times” we “The Wall Street Journal” ABŞ-nyň resmileriniň, “Talybanyň” we “Al-Kaýdanyň” hereketlerini yzarlamak üçin, käbir goşunlaryny Özbegistanda we Täjigistanda ýerleşdirmek mümkinçiliklerine garaýandyklaryny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG