Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon: Bagram bazasynyň owgan güýçlerine geçirilmegi goşunlaryň çykarylmagyndaky “möhüm tapgyr” boldy


Owgan armiýasynyň esgeri Bagram howa bazasynyň girelgesiniň öňünde nobatçylyk çekýär. 25-nji iýun, 2021 ý.
Owgan armiýasynyň esgeri Bagram howa bazasynyň girelgesiniň öňünde nobatçylyk çekýär. 25-nji iýun, 2021 ý.

Pentagon Bagram howa bazasynyň owgan howpsuzlyk güýçleriniň garamagyna geçirilmeginiň, ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlaryny çykarmak işleriniň çägindäki “möhüm tapgyr” bolandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, Pentagon Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň owgan güýçlerini goramaga heniz hem ygtyýarlygynyň bardygyny belledi. Bu barada 2-nji iýulda Goranmak departamentiniň metbugat wekili Jon Kirby mälim etdi.

Bu aralykda, Owganystanda “Talybanyň” has köp sebitleri öz gözegçiligi astyna geçirmegi bilen, ýurduň howpsuzlyk ýagdaýlary boýunça barha köp aladalar bildirilýär.

Şol bir wagtda, Owganystan bilen serhetleşýän Merkezi Aziýa döwletleriniň hem birnäçesini öz içine alýan Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky harby ýaranlyk Moskwanyň täjik-owgan serhediniň goragyny üpjün etmek boýunça has köp goldaw berip biljekdigini ýaňzytdy.

2-nji iýulda ABŞ-nyň harbylary Kabulyň demirgazygyndaky sowetler tarapyndan gurlan Bagram howa bazasyny boşatdylar.

Ak Tam Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ähli goşunlaryny çykarmak işleriniň awgustyň aýagynda tamamlanjakdygyny aýtdy.

Ak Tamyň metbugat wekili Jen Psaki soňky aýlaryň dowamynda Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk ulgamlary bilen üpjünçiligini we ynsanperwer hemaýatyny dowam etdirjekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG