Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň 7 sportsmenine Ýaponiýadaky ýaryşa gatnaşmak teklip edildi


Türkmen sportsmenleri (illýustrasiýa suraty)
Türkmen sportsmenleri (illýustrasiýa suraty)

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik etmek hukugy ýedi sportsmene berildi. Bu barada garaşsyz "Gündogar", "Türkmenistanyň Hronikasy" we "Türkmen.news" neşirler habar berýär.

Türkmen sportsmenleri sportyň üç görnüşinde çykyş eder.

"Gündogar" neşiriniň maglumatynda türkmen sportsmenleriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna degişli bu sanyň Türkmenistanyň garaşsyzlyga eýe bolaly bäri iň pesdigi bellenýär.

1996-njy ýylda Atlantada (ABŞ) geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna hem Türkmenistandan 7 türgen gatnaşypdy, emma olar sportyň 6 görnüşinde bäsleşipdi. Beýleki Olimpiadalara Türkmenistandan has köp sportçy gatnaşypdy diýip, neşir belleýär.

Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugy Mergen Mammadowa (ýeňil atletika/çekiç zyňmak), Gulbadam Babamuradowa (dzýudo), we agyr atletika boýunça Rejepbaý Rejepowa, Öwez Owezowa, Hojamuhammed Toýiçewe we Kristina Şermetowa we Polina Guryýewa berildi.

Olimpiýa oýunlary 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler.

Sport çäresi 2020-nji ýylda geçirilmelidi, ýöne COVID-19 pandemiýasy sebäpli Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýyla çenli yza süýşürilipdi. Olimpiýada "Tokio-2020" adyny saklady.

"Türkmen.news" neşri resmi habarlarda Tokio barjak delegasiýa premýer-ministriň orunbasary we prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etjekdigini habar berendigini belledi.

XS
SM
MD
LG