Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýa koronawirusyň esasy ojaklarynyň birine öwrüldi


Indoneziýanyň paýtagty Jarkartada COVID-19-yň pidalaryna niýetlenen bäş gonamçylygyň dördüsi eýýäm mazarlardan doldy.
Indoneziýanyň paýtagty Jarkartada COVID-19-yň pidalaryna niýetlenen bäş gonamçylygyň dördüsi eýýäm mazarlardan doldy.

Koronawirusyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde barha köp ýaýramagy bilen, Indoneziýa ölüm howply ýokanjyň esasy ojaklarynyň birine öwrüldi.

270 million ilatly Indoneziýada koronawirusyň delta görnüşiniň gürelmegi netijesinde, keselhanalar hassalaryň akymyna döz gelmekde kynçylyk çekýärler. Bir aýyň içinde wirusdan ölýänleriň gündelik sany bäş esse ýokarlanyp, 1000 adama ýetdi.

Resmi sanlara görä Indoneziýada koronawirusdan 63 müň 760 adam ölüpdir. Emma asyl sanlaryň resmi görkezijilerden has ýokary bolmagynyň mümkindigi çaklanylýar. Paýtagt Jarkartada COVID-19-yň pidalaryna niýetlenen bäş gonamçylygyň dördüsi eýýäm mazarlardan doldy.

Bu aralykda, ýene-de iki hepdenden başlanmaly Tokio Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary ýaryşlaryň aglabasynyň tomaşaçysyz geçiriljekdigini yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG