Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedindäki ok atyşykda bir gyrgyz esgeri öldi


Gyrgyz esgerleri (illýustrasiýa suraty)
Gyrgyz esgerleri (illýustrasiýa suraty)

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň dawaly serhet araçäginde 8-nji iýulda her iki tarapyň-da serhetçileriniň ot açmagy netijesinde bir gyrgyz esgeri öldürildi, ýene biri ýaralandy. Bu aralykda taraplaryň ikisi-de gazaplylykda birek-biregi aýyplaýarlar. Taraplaryň pidalar baradaky maglumatlary hem biri-birinden tapawutlanýar.

Aprelde iki ýurduň jedelli serhedinde has uly çaknyşyklar ýüze çykyp, onuň netijesinde parahat ilatyň arasyndan 50 adam we serhetçiler öldi. Bu gazaplylyk post-sowet goňşy iki ýurduň arasyndaky dawanyň has ula ýazyp biljekdigi barada howatyrlanmalary döretdi.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komiteti soňky hadysa bilen baglylykda Gyrgyzystany aýyplady. Ol dört gyrgyz serhetçisiniň “Dewaştiç etrabynyň golaýyndaky serhedi bikanun” ýagdaýda geçendigini aýtdy. Resmi täjik maglumatyna görä, raýat we harby lybaslara geýnen we kalaşnikow awtomatlary bilen ýaraglanan bu adamlar dokuz aty ogurlamagy maksat edinipdirler.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk boýunça milli komiteti ok atyşyklaryň bolandygyny tassyklady. Emma komitet serhetçileriň Batken regionynyň Leilek etrabynda atlaryň üstünde nobatçylyk çekýän wagty, täjik serhet gullukçylarynyň olara garşy ýaraglardan ot açandyklaryny aýtdy. Gyrgyzystan ok atyşyklarda täjik tarapyndan hem ýitgileriň bolandygyny belledi.

970 kilometrlik gyrgyz-täjik serhediniň ýarpysyndan gowragy doly kesgitlenmedi. Bu iki ýurduň 30 ýyl mundan ozal garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan bäri, dowamly dartgynlylyklara sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG