Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa, “Talyban” Owganystanda jeňçileriň barha köp sebitleri eýeleýändigini aýdýarlar


"Talybanyň" wekilleri Moskwada. 9-njy iýul, 2021 ý.
"Talybanyň" wekilleri Moskwada. 9-njy iýul, 2021 ý.

Russiýa we “Talyban” resmileri jeňçi toparynyň Owganystanda barha köp sebitleri, şol sanda serhetýakadaky aglaba regionlary öz gözegçiligine geçirýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, taraplar “Talybanyň” öňe ilerlemegi bilen, halkara howpsuzlygyna wehimiň abanmaýandygyny belleýärler.

Bu beýanatlar “Talybanyň” delegasiýasynyň Moskwa edýän saparynyň çäginde ýaýradylyp, olaryň özara utgaşdyrylandygyna çalym edýär. Bu Russiýanyň Owganystan bilen ilteşikli howpsuzlyk ýagdaýlaryna has içgin aralaşmak isleýändigine bir yşarat boldy.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandaky 20 ýyllyk uruşdan çekilip, goşunlaryny çykarýarlar.

9-njy iýulda Russiýanyň Daşary işler ministrligi “Talybanyň” owgan-täjik serhediniň 85%-ne gözegçilik edýändigini aýtdy. Bu sanlary tassyklatmak kyn.

Beýanatda Moskwanyň we Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ol ýerdäki “agressiýanyň we prowokasiýanyň öňüni almak üçin aýgytly hereket etjekdigi” hem bellenilýär.

Ministrlik dowam edýän çaknyşyklaryň ähli taraplaryny “çydamlylyk” görkezmäge çagyrdy.

1-nji maýda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriň öz goşunlaryny Owganystandan çykaryp başlamagy bilen, “Talybanyň” ýurduň onlarça etrabyny öz gol astyna geçirendigi aýdylýar. Munuň netijesinde, Kabul hökümetiniň we owgan howpsuzlyk güýçleriniň synmagynyň mümkindigi barada howatyrlanmalar bildirilýär.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden prezident Aşraf Ganiniň administrasiýasyny harbylar çykarylandan hem soň, Amerikan güýçleriniň Kabuly goldamagyny dowam etdirjekdigini ynandyrdy.

“Talybanyň” wekili Şahabuddin Delawar 9-njy iýulda çykyş edip, toparyň owgan territoriýasynyň 85%-ne gözegçilik edýändigini öňe sürdi.

Türkmenistanyň Owganystan bilen 804 km uzynlykdaky serhet araçägi bar.

Bütindünýä Saglyk Guramasy Owganystanda şu ýylyň birinji çärýeginde, geçen ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende, parahat ilatyň arasyndaky ölüm ýagdaýlarynyň 29% ýokarlanandygyny aýtdy. 9-njy iýulda BSG Owganystanda saglyk desgalaryna garşy edilýän hüjümlere hem alada bildirdi. Galyberse-de, BSG 38 million ilatly Owganystana COVID-19-a garşy 3,5 million doza waksinanyň ugradylýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG