Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kubada kommunistik hökümete garşy geçirilen protestlerden soň, polisiýa Gawanada patrullyk edýär


Kubada kommunistik hökümete garşy geçirilen protestlerden bir gün soň paýtagt Gawanada polisiýa köçelere gözegçilik edýär.
Kubada kommunistik hökümete garşy geçirilen protestlerden bir gün soň paýtagt Gawanada polisiýa köçelere gözegçilik edýär.

Kubada protestçiler gözgyny ykdysady krizisiň we koronawirus pandemiýasynyň arasynda kommunistik hökümetiň soňuna çykylmagyna çagyrandan bir gün soň, 12-nji iýulda Gawanada ümsümlikdi, şähere köp sanly polisiýa güýçleri ýerleşdirildi.

Adada ýerleşýän ýurduň beýleki şäherlerinde we Gawanada geçirilen seýrek protestleriň yz ýany, köp sanly polisiýa paýtagtda patrullyk etdi.

Şeýle-de, 12-nji iýul güni ýurduň mobil aragatnaşyk ulgamlarynda bökdençlik ýüze çykdy. Sürgündäki “Kubaleks” ynsan hukuklaryny goraýjy topar demonstrasiýalar başlanaly bäri, azyndan 100 protestçiniň, aktiwistiň we garaşsyz žurnalistiň tussag edilendigini aýtdy.

Protestlere müňlerçe adam gatnaşdy, olaryň käbiri “Azatlyk!”, “Ýok bolsun diktatorçylyk!” diýip gygyryşdylar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Birleşen Ştatlaryň kuba halkynyň hem-de olaryň “batly erkinlik çagyryşlarynyň” tarapyndadygyny aýtdy. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bir resmisi oppozisiýa liderleriniň derhal boşadylmagyna çagyrdy.

Kubanyň prezidenti Miguel Diaz-Kanel protestler boýunça ABŞ-nyň “demikdiriji ykdysady syýasatyny” aýyplady.

Ýöne ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken kuba resmileriniň protestleri ABŞ-nyň eden işleriniň üstüne atmaly däldigini aýtdy.

Bu örän gynançly ýalňyş bolar, sebäbi bu resmileriň kuba halkynyň erkine we sesine diň salmaýandyklaryny görkezer" diýip, Blinken aýtdy.

XS
SM
MD
LG