Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Hytaýa garşy ‘genosid’ aýyplamalaryny gaýtalady, Birma we beýlekiler boýunça duýduryş berdi


Hytaý hökümetiniň daşary ýurt žurnalistleri üçin guramalaşdyran saparynyň dowamynda Hytaýyň Sinjiang Uýgur awtonom sebitiniň Kaşgar şäherinde uýgurlar we dine uýýan beýleki adamlar doga-dileg edýär. Hytaý, Kaşgar. 19-njy aprel, 2021 ý.
Hytaý hökümetiniň daşary ýurt žurnalistleri üçin guramalaşdyran saparynyň dowamynda Hytaýyň Sinjiang Uýgur awtonom sebitiniň Kaşgar şäherinde uýgurlar we dine uýýan beýleki adamlar doga-dileg edýär. Hytaý, Kaşgar. 19-njy aprel, 2021 ý.

Birleşen Ştatlary Hytaýyň uýgurlara we beýleki azlyklara daraşmalary boýunça oňa gönükdirýän genosid aýyplamalaryny gaýtalady. Bu habar çaknyşyklardaky etniki arassalaýyş bilen baglylykda Birma, Eritreýa, Efiopiýa we Günorta Sudana garşy goşmaça sanksiýa duýduryşlary bilen bilelikde berildi.

Bularyň ählisi genosidleriň we wagşyçylygyň öňüni almak boýunça Döwlet departamentiniň Kongrese berýän ýyllyk hasabatynyň bir bölegi hökmünde Baýden administrasiýasynyň iberen maglumatlaryna girizildi.

“Bu administrasiýa dünýäde adam hukuklaryny gorap saklar we wagşyçylygyň öňüniň alynmagyny milli howpsuzlyk bähbitleriniň hem-de ahlak jogapkärçiliginiň özeni hökmünde ykrar edýär” diýip, Baýden administrasiýasynyň maglumatlarynda aýdylýar.

Hytaý demirgazyk-günbatar Sinjiang sebitinde bir milliondan gowrak uýgury we beýleki musulman azlyklary syýasy terbiýeleýiş üçin tussag etmekde halkara tankyda uçaraýar we sanksiýalara sezewar bolýar.

Hytaý şeýle lagerleriň adamlaryň terrorçylykdan saplanmagyna ýardam bermek üçin döredilen “hünär öwrediş merkezleridigini” öňe sürýär.

Döwlet departamentiniň hasabaty hytaý resmileriniň kemsitmeleriniň tussag etmeleri, gynamalary, zorlukly sterilizasiýany we beýleki jeza beriş çärelerini öz içine alýandygyny aýdýar.

Geçen hepde Ýewropa Parlamenti ÝB agza ýurtlaryň resmilerini Hytaýyň ynsan hukuklaryny kemsitmegi sebäpli Pekin 2022 Gyşky Olimpiýa Oýunlaryny boýkot etmäge çagyrýan çözgüdi köpüň sesi bilen kabul etdi.

XS
SM
MD
LG