Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus polisiýasy jemgyýetçilik guramalaryna basyşy güýçlendirýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Awtoritar hökümdar Aleksandr Lukaşenkanyň başgaça pikirleri basyp ýatyrmak üçin görýän çäreleriniň çäginde, Belarus polisiýasy adam hukuklary toparlaryna we metbugata, şol sanda Wýasna adam hukuklary merkezine, Belarus Helsinki komitetine garşy giňişleýin reýd geçirdi.

14-nji iýulda Minskde we beýleki şäherlerde hökümete degişli bolmadyk guramalaryň azyndan 19 sanysyny nyşana alýan reýdlerde azyndan on adam tussag edildi.

Aktiwistler aýtmaklaryna görä, 14-nji iýulda dökülen ofisleriň arasynda Lawtrend hukuk toparynyň, Batslauşçyna dünýä belaruslar assosiasiýasynyň (Ata watan), Atlar taslamasynyň, Hukuk toparlarynyň territoriýasynyň, Jyns perspektiwalary adam hukuklary guramasynyň, Belarus žurnalistler birleşiginiň, Belarus ýazyjylar bileleşiginiň, Belarus Populýar frontynyň, Erkinlik üçin hereketiň we BEROC Ykdysady derňew merkeziniň edara jaýlary bar.

Belarus häkimiýetleri tankydy we döwlete degişli däl habar beriş serişdelerini we adam hukuklary guramalaryny ýapmaga başlady.

“Wýasna” (Bahar) öňki Sowet Soýuzynyň çäginde iň uly hukuk guramasy bolup, syýasy tussaglar we tussag edilmeler baradaky maglumatlaryň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar.

XS
SM
MD
LG