Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti suda berildi


Dini meseleler boýunça döwlet komissiýasynyň öňki müdiri Akin Toktaliýew
Dini meseleler boýunça döwlet komissiýasynyň öňki müdiri Akin Toktaliýew

Dini meseleler boýunça döwlet komissiýasynyň öňki müdiri Akin Toktaliýew prezident Sadyr Žaparowy we öňki metbugat sekretary Galina Baýteregi suda berdi. Toktaliýewiň özi bu barada Azattyga, Azatlygyň Gyrgyz gullugyna habar berdi.

Ol özüniň dini meseleler boýunça döwlet komissiýasynyň müdiri wezipesinden esassyz boşadylandygyny aýtdy.

"Meni işden aýranlarynda, prezident we şol wagtky metbugat sekretary meni ekstremiste deňedi" diýip, Toktaliýew aýtdy.

Ol günäkärleýän adamlaryndan 100 million som (1,1 million dollardan gowrak) möçberinde pul tölemeklerini we ötünç soramaklaryny talap edýär.

Ol 8-nji iýulda Bişkegiň Perwomaiski etrap kazyýetine ýüz tutdy. Emma arzasy 12-nji iýulda yzyna gaýtaryldy. Toktaliýew şol günüň ertesi resminamalaryň üstüni ýetirdi we ýene kazyýete şikaýat arzasyny berdi.

Prezident administrasiýasy we Galina Baiterek bu mesele boýunça entek hiç bir düşündiriş bermedi.

Akin Toktaliýew 2020-nji ýylyň noýabr aýynda şol wagt prezidentiň wezipesini ýerine ýetirýän Sadyr Žaparow tarapyndan Dini meseleler boýunça döwlet komissiýasynyň müdiri wezipesine bellendi. 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda bolsa bu wezipeden boşadyldy.

Akin Toktaliýew Gyrgyzystanyň halkynyň abraýyny we mertebesini goramak baradaky komitete ýolbaşçylyk edýär. Adam hukuklaryny goraýjy we aklawçy hökmünde tanalýar. Yssykköl sebitiniň başlygyny zamun almak meselesinde geçirilen kazyýet işinde bu işiň syýasy sebäplidigini aýdyp, Sadyr Žaparowyň bähbitlerini gorady.

XS
SM
MD
LG