Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda demonstrantlara garşy goşun ulanmaga rugsat berildi


Aleksandr Lukaşenko “Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky” kanuna üýtgetmeleri tassyklady. Düzedişlere görä, ýurtda diňe, ozal bolşy ýaly, tebigy betbagtçylyklar we hadyslar sebäpli däl, eýsem bidüzgünçilikler sebäpli hem adatdan daşary ýagdaý yglan edilip biler.

Belarus häkimiýetleri muny beýleki zatlara, "konstitusiýa düzgünini zor bilen üýtgetmek, häkimiýeti basyp almak ýa-da eýelemek" synanyşyklaryna goşdy.

Kanuna laýyklykda, adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda metbugat serişdeleriniň, habarlaryň taýýarlanmagy we ýaýradylmagy togtadylyp, žurnalistleri akkreditasiýa etmek üçin ýörite prosedura girizilip, internet çeşmelerine we onlaýn neşirlerine girmek mümkinçilikleri çäklendirilip bilner.

"Belarus Respublikasynyň Ýaragly Güýçleri baradaky" kanunda bolsa, goşunyň köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin ulanylyp bilinjekdigi bellendi.

2020-nji ýylyň awgust aýyndan bäri, saýlawda Aleksandr Lukaşenkanyň altynjy möhlete prezident saýlanandygy yglan edilenden soň, Belarusyň köp şäherinde nägilelik protestleri geçirildi.

Demonstrasiýaçylar prezident saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar we Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edýärler.

Belarus häkimiýetleri parahatçylykly demonstrasiýalary köpçülikleýin bidüzgünçilik diýip häsiýetlendirýär.

XS
SM
MD
LG