Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus žurnalistleri ýurtda öz hünärleriniň ýok edilýändigini aýdýarlar


Nowosibirsk. 16-njy iýul, 2021. Ýekelikdäki piket.
Nowosibirsk. 16-njy iýul, 2021. Ýekelikdäki piket.

Nowosibirskde "daşary ýurt agenti" diýlip ykrar edilen žurnalistleri goldamak üçin protest geçirilýär. Oňa gatnaşanlar bu hünäriň hakykatda Orsýetde ýok edilýändigigini aýdýarlar.

“Takie Dela” neşiriniň žurnalisti Rita Loginowa “Žurnalistler duşman däl! Habar beriş serişdeleri erkin bolmaly” diýen şygarylary göterip, şäheriň merkezi meýdançasyna çykdy.

Beýleki bir piketçiniň plakatynda bolsa “Proýekt” häkimiýetleri derňeýär - awtorlary “daşary ýurt agentleri” diýip yglan edýärler”, “Žurnalistika jenaýat däl” diýlip ýazylypdyr.

Russiýanyň Baş prokuraturasy 15-nji iýulda “Proýekt” neşirini "islenmeýän gurama" diýip yglan etdi. Mundan başga, Adalat ministrligi orsýetli žurnalistleriň ýene-de sekiz sanysyny metbugat boýunça “daşary ýurt agentleri" sanawyna goşdy.

“Proýektiň” baş redaktory Roman Badanin, neşiriň žurnalistleri Pýotr Manahin, Olga Çurakowa, Mariýa Çeleznowa we Ýuliýa Lukýanowa “daşary ýurt agentleri” diýlip ykrar edildi. Şeýle-de, “Açyk Media” guramasynyň baş redaktory Ýuliýa Ýaroş, onuň orunbasary Maksim Glikin we Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti Elizaweta Maetnaýa “daşary ýurt agentleri” sanawyna goşuldy.

Rus häkimiýetleri tarapyndan bir gün öň "islenmeýän gurama" hökmünde ykrar edilen “Proýekt” topary, ABŞ-da hasaba alnan Project Media, Inc. şu gün özüniň ýapylýandygyny we indi Orsýetde işleýän žurnalistleriň hiç biri bilen maliýe gatnaşyklarynyň ýokdugyny habar berdi.

«Proýektiň” Orsýetde işleýän žurnalistler kollektiwi öz işlerini dowam etdirer, ýöne olaryň bu işi haýsy görnüşde etjekdigi entek belli däl. Şeýle-de bolsa, esasy zat derňewleriň azalmajakdygy diýip, redaksiýa goldaw berenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

XS
SM
MD
LG