Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada suw joşmalarynda ölenleriň sany 150-e ýetdi


Germaniýada zyýan çeken jaýlar
Germaniýada zyýan çeken jaýlar

Günbatar Ýewropanyň käbir ýerlerinde bolup geçen suw joşmalarynda 150-den gowrak adam öldi, sil suwlary Germaniýa bilen Belgiýanyň serhedindäki sebite has agyr täsir ýetirdi.

Weýrançylykly suw joşmasy Germaniýada azyndan 133 adamyň ölmegine sebäp boldy, şu hepdäniň başynda ýagan güýçli ýagyşlardan soň, Ýewropada ýada düşýän iň güýçli suw joşmalarynyň biri netijesinde dört ýurt has agyr zyýan çekdi.

Belgiýada azyndan 20 adamyň ölendigi habar berildi. Sil Germaniýanyň 20 gowrak oba-şäherine we Belgiýanyň käbir ýerlerine zarba urdy.

Joşup akýan suw ýollary ýykdy, käbir ýerler bilen aragatnaşygy kesdi. Internet we jübi telefony hyzmaty hem kesildi, bu ýagdaý dereksiz ýitenleriň sanyny anyklamagy kynlaşdyrdy. Halas ediş toparlary gaýykda ýa-da dikuçarda ýaşaýjylara kömege ýetişmäge synanyşdy we beýleki aragatnaşyk gurallary arkaly habarlaşmaly boldy.

Kölniň günorta-günbataryndaky Erftştad şäherinde sil köp sanly jaýyň ýykylmagyna we awtoulaglaryň akyp gitmegine sebäp boldy. Şäherdäki ýer süýşmesi birnäçe adamyň ölmegine sebäp bolandyr öýdülýär.

Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeýieriň ýeten zyýany anyklamak üçin 17-nji iýulda Erftştada baryp görmegine garaşylýar.

Suw joşmaga başlandan 48 sagat soň, 16-njy iýulda giçlik käbir şäherlerde köçeler suw astyndady, ýöne suw azalyp başlady.

Resmiler öýleriň ýerzeminlerinden ölen adamlaryň jesetleriniň tapylýandygyny aýdýarlar. Bu pidalaryň barha güýçlenen sil duzagyna düşmezlerinden öň nasoslary işletjek bolandygy ýa-da suwy el bilen çykarmaga synanyşandygy baradaky çaklamalara sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG