Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň Assady dördünji prezidentlik möhletine kasam etdi


Dawaly resmi netijelere görä, 26-njy maýda Assad 95,1 göterim ses aldy.
Dawaly resmi netijelere görä, 26-njy maýda Assad 95,1 göterim ses aldy.

Siriýa uzak wagt bäri ýolbaşçylyk edýän Başar al-Assad maý aýynda geçirilen we oppozisiýa tarapyndan galplyk hökmünde inkär edilen saýlawdan soň dördünji ýedi ýyllyk prezident möhleti üçin kasam etdi.

Assad 17-nji iýulda siriýalylary watanyna dolanmaga çagyrdy we özüne ses berenlere minnetdarlyk bildirdi.

Dawaly resmi netijelere görä, 26-njy maýda ýurduň hökümet tarapyndan gözegçilik edilýän ýerlerinde geçirilen saýlawda Assad 95,1 göterim ses aldy.

Siriýa 2011-nji ýyldan bäri raýat urşuna gaplandy we uruşdan öňki ilatyň ýarysyna golaýy ýa ýaşaýan ýerinden başga ýerlere göçürildi, ýa-da daşary ýurtlara gaçdy. Şeýle-de, uruş-gowga netijesinde ýarym milliona golaý adam öldürildi we on müňlerçe adam dereksiz ýitdi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, ýurduň ilatynyň 80 göterimi garyplykda ýaşaýar. Inflýasiýa ýokarlanýar, milli walýutanyň hümmeti düýpli pese gaçdy.

Soňky aýlarda söweş azalsa-da, ýurduň takmynan 40 göterimi hökümet gözegçiliginden daşarda galýar. Daşary ýurt güýçleri we daşary ýurt goldawly söweşijiler Siriýanyň çäginde hereket edýärler.

Assadyň hökümetini Russiýa we Eýran goldaýar, olar oňa konfliktiň dowamynda harby güýç we beýleki kömekleri iberdi.

Başar al-Assad, 1970-nji ýylda döwlet agdarylyşygynda häkimiýeti ele alan kakasy ölenden soň, 2000-nji ýyldan bäri Siriýany dolandyryp gelýär.

XS
SM
MD
LG