Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa göçmek isleýän türkmenistanlylaryň sany köpelýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmen Helsinki fondy Türkmenistandan Orsýete göçüp gitmek isleýän adamlaryň sanynyň barha köpelýändigini habar berýär.

2020-nji ýylda Orsýete Türkmenistanyň 21 680 raýaty geldi diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän hukuk topary Orsýetiň Federal serhet gullugynyň golaýda çap eden maglumatlaryna salgylanyp çap eden maglumatlarynda aýtdy.

Bu adamlaryň aglabasy, 19 431 raýat Türkmenistandan pandemiýa aladalary esasynda girizilen petiklemelerden, serhetleriň ýapylmagyndan we yzygiderli amala aşyrylan uçar gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagyndan öň çykypdyr.

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bolsa Orsýete Türkmenistanyň 1323 raýaty gelipdir.

Hukuk toparynyň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen häkimiýetleri Orsýet bilen aradaky howa gatnawyny bu golaýda dikeltmekçi bolmaýar.

Şeýle-de, fonduň çeşmesi soňky döwürde taryhy watanyny taşlap, Orsýete ýaşamaga gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sanynyň barha köpelýändigini, rus ilçihanasynyň çykyş uçuşlaryna bilet aljak adamlardan günde ortaça 20 arzany kabul edýändigini aýdýar.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistandaky rus ilçihanasynyň Moskwa guraýan howa gatnawlaryna bilet aljak bolýan adamlaryň sany bahar aýlarynda aýda 600-700 adama ýeten bolsa, tomus günlerinde 1000 adama çenli baryp ýetdi.

XS
SM
MD
LG