Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gynamalara garamazdan, rus kazyýeti kikboks çempionynyň Belarusa ekstradisiýa edilmegi boýunça karar çykardy


Alekseý Kudzin
Alekseý Kudzin

Rus kazyýeti kikboks boýunça dünýä çempiony Alekseý Kudzini öz watanyna, Belarusa ekstradisiýa etmek boýunça karar çykardy. Ýöne türgeniň Belarusda syýasy taýdan yzarlanyp, gynalmak ähtimallygy barada aladalar bar.

Moskwanyň arz-şikaýat kazyýeti 21-nji iýulda bu karary, has ozal Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň onuň ekstradisiýasyny gadagan edýän çözgüdine garamazdan, kabul etdi.

‘Kerpiç’ lakamly garyşyk söweş sungaty boýunça söweşiji Kudzin Belarusda gözlenilýänleriň sanawynda. Ol geçen awgustda bolan dawaly prezidentlik saýlawlarynyň yz ýany diýdimzor Aleksandr Lukaşenka garşy geçirilen demokratiýa tarapdar protestlerde howpsuzlyk ofiserine hüjüm etmekde günäkärlenýär. Eger höküm çykarylsa, ol bäş ýyl türme tussaglygyna duçar bolar.

Belarus howpsuzlyk güýçlerine we hökümete garşy sosial mediada ýiti beýanatlar bilen çykyş eden türgen, eger-de Belarusa ekstradisiýa edilse, “gynamalara, zuluma, hatda ölüme duçar edilmegi mümkin” diýip, Belarusyň Sportda Raýdaşlyk Gaznasy aýtdy.

Kudzin geçen güýz Russiýa gaçyp barandan soň, ýanwar aýynda Moskwada tussag edildi.

XS
SM
MD
LG