Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýda suw joşmalarynda ölenleriň sany 33 adama ýetdi, ýagyn dowam edýär


Hytaýyň Henan welaýaty suw joşmalaryndan ejir çekdi. Sebitde ýagynlar alty gün bäri dowam edýär.

Hytaýyň Henan welaýatynda bolan güýçli suw joşmalary 3 million adamyň durmuşyna täsir etdi, azyndan 33 adam öldi diýip, ýerli häkimiýetler 22-nji iýulda beýanat berdi. Sebitde yzygiderli ýagyşlar dowam edýär.

Güýçli ýagyn Žengzou şäherine bir ýylda ýagýan ýagşy üç günde ýagdyrdy. Ýagyşlar 20-nji iýulda suw joşmalaryna sebäp boldy, köçeleri derýalara öwürdi, 10 million ilatly welaýatyň merkezinde sil galyndylary çalam-çaş boldy.

Agyr suw joşmalarynyň netijesinde köçeleri, ýollardaky tunelleri we metro stansiýalaryny suw basdy. Suw silleri sebitde ýüzlerçe müň adamyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirdi, ekerançylyk ýerlerine we infrastrukturalara zyýan ýetdi.

22-nji iýulda alty gün bäri dowam edýän ýagyşlar halas ediş operasiýalaryna we arassaçylyk işlerine päsgelçilik döredýär.

20-nji iýulda sosial mediada paýlaşylan wideolarda silden ejir çeken Žengzou şäherinde köçelerde suwuň akymynyň ulaglary, galyndylary äkidýän pursatlaryny, zyýan çeken ýollary we çykgynsyz galan adamlary görmek bolýar.

Gorkunç wideolarda metronyň içinde bokurdagyna çenli suwa çümüp, gysylyp galan ýolagçylary görmek bolýar.

Metro stansiýalarynda düşürilen käbir wideolarda gark bolan adamlaryň jansyz jesetleri görkezilýär.

Sil alan metro stansiýalaryndan ýüzlerçe adam halas edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG