Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG owgan raýatlarynyň arasynda pidalar gitdigiçe köp artýar diýýär


Owganystanyň içinde öz öýlerini terk etmäge mejbur bolan maşgalalar üçin wagtlaýyn çadyr lageri, Hyrat, 15-nji iýun, 2021
Owganystanyň içinde öz öýlerini terk etmäge mejbur bolan maşgalalar üçin wagtlaýyn çadyr lageri, Hyrat, 15-nji iýun, 2021

Birleşen Milletler Guramasy maý we iýun aýlarynda 2400-e golaý owgan raýatynyň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny we munuň 2009-njy ýyldan bäri iki aýa degişli iň uly sandygyny aýtdy. Ýylyň birinji ýarymynda ölenleriň arasynda aýallar we çagalar has köp bolupdyr.

BMG-nyň Owganystana kömek missiýasynyň (UNAMA) 26-njy iýulda çap eden hasabatyna görä, ýanwar-iýun aýlarynda 5183 raýat pidasy dokumentleşdiripdir, şolardan 1659 adam öldürilipdir we bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47% ýokarlanypdyr.

Hasabatda ýylyň birinji ýarymynda parahat ilatdan ölenleriň 46%-niň aýallar we çagalar bolandygy aýdylýar. Jemi 468 çaga ölüpdir we 1214 çaga ýaralanypdyr, 219 aýal öldürilipdir we 508 zenan ýaralanypdyr.

"Aýratynam geň galdyryjy we çuňňur alada döredýän zat, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda parahat ilatdan ölenleriň ýarysyna golaýyny aýallaryň, oglanlaryň we gyzlaryň düzmegidir" diýlip, UNAMA-nyň beýanynda aýdylýar.

ABŞ-nyň prezident Jo Baýdeniň amerikan goşunlarynyň 31-nji awgusta çenli yza çekiljekdigini we 20 ýyldan soň Owganystanda daşary ýurt harby güýçleriniň bolmagynyň soňlanjakdygyny mälim etmeginden soň maý we iýun aýlarynda "Talyban" söweşijileriniň we Owganystanyň hökümet güýçleriniň arasynda söweşler güýçlendi.

Soňky hepdelerde Katarda söweşijileriň we hökümetiň arasynda gepleşikler geçirilýär, ýöne geçen ýylyň sentýabrynda parahatçylyk gepleşikleri başlanaly bäri düýpli öňegidişlik bolmady.

XS
SM
MD
LG