Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Täjik prezidentiniň ýegenleri öz ejesi COVID-den ölensoň saglyk ministrini ýençdi


Täjigistanyň saglyk ministri Jamoliddin Abdullozoda
Täjigistanyň saglyk ministri Jamoliddin Abdullozoda

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň üç ýegeni ejesi COVID-19 sebäpli ölenden soň ýurduň saglyk ministrini we beýleki işgärleri agyr ýenjipdir. Bu barada hökümete ýakyn çeşmeler Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna habar berdi.

Içeri işler ministrliginiň we Saglyk ministrliginiň çeşmeleriniň 26-njy iýulda Azatlyk Radiosyna anonim şertlerde beren habaryna görä, saglyk ministri Jamoliddin Abdullozoda, prezidentiň lukmançylyk merkeziniň başlygy Holmuhammad Rahimzoda we başga-da birnäçe saglyk işgärlerine hem lukmanlara hüjüm edilipdir.

Bu 20-nji iýulda prezident Imomali Rahmonyň 64 ýaşly aýal dogany Gurbonbi Rahmonowa koronawirusdan ölenden soň boldy.

Çeşmelere görä, hüjümlerde ministr we beýleki saglyk işgärleri "agyr şikes alypdyr". Şeýle-de, çeşmeler Täjigistanyň häkimiýetleriniň Rahmonyň aýal doganyny bejermek üçin Germaniýadan, Russiýadan we Özbegistandan saglyk bilermenlerini çagyrandygyny habar berdiler.

Çeşmeler hüjümler barada deslapky derňewiň başlandygyny aýtdylar.

Bu ýagdaýlary hökümet agzalary, prezident we beýleki resmiler aç-açan kommentirlemedi.

Abdullozoda 26-njy iýulda Duşanbede ABŞ-nyň Täjigistany COVID-19 waksinalary bilen üpjün etmek baradaky ädimine bagyşlanyp geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşmady.

Bir gün öň Täjigistan ABŞ tarapyndan Covax ady bilen belli halkara sanjym paýlaýyş ulgamynyň üsti bilen sowgat berlen Moderna waksinasynyň 1,5 million dozasyny aldy.

Saglyk ministriniň orunbasary Şodikhon Jemşed ministriň metbugat ýygnagyna gatnaşmazlygynyň onuň urlup-ýenjilmegi baradaky myş-myşlara ilteşigini soran žurnalistiň sowalyny ret etdi.

Rahmonyň aýal dogany 21-nji iýulda jaýlandy. Onuň ölümiň resmi sebäbi köpçülige mälim edilmese-de, Täjigistanyň paýtagtyndaky keselhananyň lukmanlary onuň COVID-19-dan ölendigini Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Imomali Rahmon, berk gözegçilik astyndaky öňki sowet respublikasynda dini azatlyklary, raýat jemgyýetini we syýasy plýuralizmi äsgermezlik edenligi sebäpli adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary tarapyndan ençeme ýyl bäri tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG