Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada bolan uçar heläkçiliginde dört adam, şol sanda üç ABŞ raýaty öldi


Ukrainanyň kartasy

Ukrainanyň günbatarynda bolan bir kiçi uçar heläkçiliginde uçaryň bortundaky ýerli pilot we üç ABŞ raýaty aradan çykdy.

Polisiýanyň beýanatyna görä, “Aerospool WT 10 Advantic” kysymly uçar 29-njy iýulda öýlän Iwano-Frankiwsk sebitiniň Şeparowtsy obasynda bir öýüň üstüne ýykyldy.

Uçardaky üç ýolagçy ABŞ-nyň hasid ýewreýlerindendir diýip, Ukrainanyň Birleşen ýewreý jemagaty aýtdy.

Öýüň içindäki bir aýal we iki çaga sag-aman heläkçilikden gutulmagy başardy diýip, polisiýa aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG