Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede bolan pyçakly dawada bir türkmenistanly öldi, beýlekisi tutuldy


Pyçakly el. Bezeg suraty
Pyçakly el. Bezeg suraty

Bileçikdäki towuk fermasynda bolan pyçakly söweşde bir türkmen raýaty öldi we beýleki biri tussag edildi diýip, Türkiýäniň “SonDakyka.com” neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, merkeze garaşly Bekdemir obasyndaky towuk fermasynda işleýän 43 ýaşly türkmenistanly G.G. we 35 ýaşly R.K. öz aralarynda dörän meseleleri sözde çözüp bilmän, dawanyň has gyzmagy netijesinde, pyçak bilen çözjek bolana meňzeýär.

Habarda olaryň näme üstünde dawalaşandygy anyklaşdyrylmaýar.

Netijede, pyçak ýarasyny alan G.G. Bileçikdäki ylmy-barlag hassahanasyna eltilýär we lukmanlaryň gören gyssagly çärelerine garamazdan, şol ýerde aradan çykýar.

Bolan wakany derňeýän polisiýa işgärleri R.K.-ny pyçagy bilen bilelikde ele saldy diýip, habarda aýdylýar.

Doly döwlet gözegçiliginde işleýän türkmen metbugaty Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasyndaky jenaýatçylyk barada hem, ýurt içindäki jenaýat, ýol-köçe hadyslary, tebigy hadysalar, keselçilikler barada hem maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG