Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Men indi hiç kimiň ikinji aýaly bolmak islemeýärin". Ärinden "talak" alan aýalyň başdan geçirmeleri


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gazagystanda yslam dinine laýyklykda, bir adamyň aýalyndan aýrylyşmagy üçin, oňa üç gezek "talak" sözüni aýtmagynyň ýeterlik bolýandygy geň ýagdaý däl. Bilermenleriň sözüne görä, meseläniň gerimine baha bermäge mümkinçilik berýän resmi statistika ýok, muňa garamazdan, beýle tejribe aýalyň durmuşyna agyr täsir edýär. Gazagystanly iki aýal öz başdan geçirmelerini Azatlyk bilen paýlaşdy.

GÜLNARYŇ TEJRIBESI: «DIŇE ARAMYZDA ORTALYK ÇAGANYŇ ÝOKDUGY BEGENDIRDI»

Häzir men 28 ýaşymda. Tanşanymyzda, 23 ýaşymdadym. Bazarda satyjy bolup işleýärdim, şol ýerde namaz okaýan bir adam öz dostunyň ikinji aýal almak isleýändigini aýtdy. Tanyşdyk. Ol kyrkdan geçen, aýaly bilen dört çagasy bar eken. Ol 80 ýaşly ejesiniň we maşgalasynyň Aktöbe şäherindäki Kosestekde ýaşaýandygyny we meniň hiç zatdan hor bolmajagymy aýdyp: "Ikinji aýalym bol" diýdi. Men razy boldum.

Ol meniň üçin kakamdan razylyk soramak islemedi. "Näme üçin beýle köp adamy naharlamaly?" diýip, toý tutmak niýetiniňem ýokdugyny aç-açan aýtdy. Kakam Sowet Soýuzynda doglup ulalan, häzirem şol döwrüň jemgyýetine mahsus bolan garaýyşlara uýýar. Meniň üçin gudaçylyga barsalar-da, ýedi çaganyň iň kiçisi bolanym üçin, maňa ikinji aýal bolmaga razylyk bermezdi. Şonuň üçin gizlinlikde nikalaşdyk. Bu 2016-njy ýylyň tomsunda boldy. Metjidiň mollasy öz aýalyny şaýat edinip, bize nika gyýdy.

Ol dindar adamdy, ýaşy uludy, şonuň üçin men oňa doly ynanýardym. Nikamyzy aç-açan yglan etmedik. Adamym 15 günlük iş çalşygyndan soň Aktöbede birnäçe wagtyny geçirdi. Aýaly ony gözläp, jaň edip başlanda, Kosestek şäherine gitdi.

Adamym maňa Aktöbede bir otagly kwartirany kireýine aldy. Kwartira we iýmit üçin çykdajylar döränden soň, ol üýtgedi. Otagda mebel ýa-da düşek ýokdy, bir polotensa bürenip ýatýardym. Ol 15 günlük işe gideninde, ýarym-aç ýaşadym. Işden gaýdyp geleninde, adamym meniň bilen azajyk wagt ýaşaýardy, çörekden hem makarondan başga hiç zat satyn almaýardy. Bir zat näsaz bolsa, derrew Kosestekdäki öýüne gidýärdi. Köp günläp telefonsyz hem telewizorsyz ýapyk kwartirada ýaşadym.

Mundan başga-da, ilkinji aýaly jaň edip, maňa nälet okady. "Siz ýaly gyzlar beýleki adamlaryň maşgalasyny weýran edýäňiz" diýdi. Soň ýene jaň edip, telefon edendigi barada adamsyma aýtmazlygymy haýyş etdi. Ondan gaty gorkýan bolmaly.

Bir gün adamym ejesini öýümize getirdi. Onuň garaýşyndan meni halamaýandygyny duýdum. Çaý başynda ogluna birnäçe gezek gaýtalady: "Ol aýalyň meniň bu ýere gelendigimi bilmesin" diýdi.

Biraz wagt ýaşanymyzdan soň, onuň erbet adamdygyna düşündim. Köp wagtdan bäri et iýmändigimizi, iň bolmanda garpyz satyn almagyny haýyş etsem. Üç aý bile ýaşanymyzdan soň, gaty erbet gygyryşdyk. Ol meni altynjy gatdan aşaklygyna zyňaryn diýip haýbat atdy.

Onuň gödekligine çydap bilmedim, dört aýdan soň, men ondan aýrylyşmak isledim. Kim ýaş hem samsyk aýalyny ýitirmek isleýär?! Ol özüniň mamladygyny öňe sürdi. Aktöbe şäheriniň köne bölegindäki metjidiň ymamynyň ýanyna bardyk. Nika dessurynda, adamymdan mähr hökmünde trinažýor soradym. Metjide gelenimizde, adamymyň özüni alyp barşyndan, we nika üçin sowgady şindizem alyp bermeýändiginden ymama arz etdim. Adamym meni zada gözaçlykda aýyplady. Ymam bizi üns bilen diňläninden soň, nikanyň gymmady hakda gürleşip başlady, bizi ýaraşdyrdy. Ýöne ahyr-soňy adamymdan aýrylyp, kakamyň öýüne gaýtdym. Ol maňa talak arkaly aýrylyşmaga razylyk berdi.

Şondan soň özümi betbagt duýdum hem huşumy ýitirdim. Psihikam dargady, ýakynlarymy öýkeledip başladym. Şol wagt nähili erbet ýagdaýda bolandygym ýadyma düşýär. Garyndaşlarym menden ýüz öwürdiler, dostlarymy ýitirdim. Bir kynçylykdan gaçsam, başga bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldum. Diňe bir zat begendirýärdi: biziň ortalyk çagamyz ýokdy.

Gynansagam, meniň hukuk fakultetini gutarmagym peýdasyz boldy. Söwda bilen gazanç etdim. Aktöbe bazarlarynyň birinden kireýine ýer alyp, süýt önümlerini, towuk we halal kolbasa satýardym. Girdeji kakam bilen ikimiz üçin ýeterlik. Psihologiýa boýunça material gözläp başladym. Özümi has gowy tanamak, şahsyýetimi açmak isledim.

Indi hiç kime ikinji aýal bolmak islämok, sebäbi kanuny nikasyz aýallaryň hukuklary goralmaýar. Çagalarymyň geljekde goragsyz bolmagyny islämok.

Maňa ikinji aýal bolmak üçin köp teklip bar. “Aýalyň ýalňyz ýaşamagy şerigata ters gelýär, ýakyn wagtda otuz ýaşdan soň çaga dogrup bilmersiň” diýip, meni gorkuzjak bolýarlar. Şeýle pursatlarda men: "Geljegimi kepillendirýän emläk satyn alyp bilersiňizmi? Adamym maňa maşyn, jaý satyn alyp berse, geljekde çagalarym bilen kireýine jaýda ýaşamazdym. Erbet netije ýüze çykan halatynda, birneme pulumyz bolardy” diýýän.

Ýigitler meniň talaplarymy eşidip, ertesi güni ýitirim bolýarlar. Men öz ýoldaşymyň nikasyna jogapkär bolmagyny we maşgalasyny mümkin boldugyça goramagyny isleýärin. Nika her gün çalşyrylyp durlan köýnek däl.

«BIZIŇ SEBITIMIZDE ŞEÝLE ERKEKLER HEM AÝALLAR KÖP». NIKA HEM AÝRYLYŞMAK

14 ýaşymda namaz okap başladym, ýöne öz meshebimize görä däl – Wahhabi ýolundan. Maňa bar zat dogry ýalydy. Internetde däp bolmadyk akymyň dini leksiýalaryny diňledim. Ene-atam meniň gara örtgünjek, perenji atynmagyma garşydy, namazy nädogry okaýandygymy aýdýardylar, ýöne olary diňlemek islemedim.

Joram bilen Siriýa gitmegi ýüregimize düwdük, şol ýerde gara eşik geýmäge rugsat ediljekdi. Şol niýet bilen Aktöbe şäherine gidenimizde, enem-atam hem Howpsuzlyk Komiteti meni tutdular. Reabilitasiýa merkezine ýerleşdirdiler. Men Hanafy mezhebini kabul etmedim, medresede okamaga-da razy bolmadym. Ejem-kakam meni öý tussaglygynda sakladylar. Öý – mekdep, olar meni şol aralykda sakladylar.

Uniwersitetde okap başladym, birinji kursdakam, meni "alyp gaçdylar". Geljekki ýanýoldaşymy tanamaýardym, ol joramyň doganydy, namaz okamaýardy. Üç aýdan soň göwreli boldum. Emma netijede biz aýrylyşmaly bolduk.

Elimde eýýäm çaga bardy. Sosial ulgamda bir adam bilen tanyşdym. Ol barlyşyksyz dini topara eýerijidi, şoňa görä resmi nikany islemedi. Tizara maňa aýalynyň bardygyny aýdyp, ikinji aýal bolmagy teklip etdi. Men islemedim, ýöne ol maňa telefonda öz ýakynlary bilen nika dessuryny mensiz ýerine ýetirendigini aýtdy. Biz dürli şäherlerde ýaşadyk.

Owal başda bar zat gowudy. Men ony halamokdym, ýöne şerigat kanunlaryna görä, aýalyň ýeke ýaşamaly däldigini aýtdylar. Ol bolsa bizi ekläp-saklamaga, çagamy terbiýelemäge söz berdi.

Soň özüni başgaça görkezip başlady: seýrek geldi, kömek etmegini bes etdi. Çagam gaty syrkawlanda, pul kömegini soradym, ýöne muny başaryp bilmejekdigini, wagtynyň ýokdugyny aýtdy.

Ol meni ene-atasy bilen tanyşdyrmady, maňa özümiziňkiler bilen gatnaşygy kesmeli diýdi. Näme üçindigini soradym. Ene-atamyň namaz okamaýandyklaryny, olaryň kapyrdygyny aýtdy. Ol maňa beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy-da gadagan etdi, olaryň hem imansyzdygyny aýtdy.

Depressiýa düşdüm, şonda özümiň göwrelidigimi bildim. Ondan näme üçin meni ene-atam bilen duşurmaýandygy bilen gyzyklandym. Biz gygyryşdyk, ol maňa talak berjekdigini aýtdy, sebäbi ‘boýun egmeýäň hem imansyzlar bilen aragatnaşyk saklaýaň’ diýdi.

Üç ýa-da dört aýallary bolan dostlarynyň maşgalasy bilenem gatnaşyga ýol bermeýärdi. Biz ýygnanyşanymyzda, diňe Siriýa, jihad hakda gürleşýärdiler. Men muny halamadym. Saz diňledim, ýöne ol muňa "haram" diýdi. Siriýa gitmek isledi, ahyrynda gidip bilmedi.

Eger oňa gulak asmasam, onuň edýänleriniň şerigat kanunlaryna dogry däldigini aýtsam, meni köplenç urýardy. Çaga oýunjak oýnamaga rugsat bermän, onuň geljekki mujahidler hökmünde terbiýelenmelidigini aýtdy. Adaty oýunjaklaryň ýerine oýunjak awtomat satyn aldy. Munuň üstünde biz köplenç tersleşýärdik. Ol maňa okamagy-da gadagan etdi, ýöne her niçigem bolsa okadym. Soň men agyr ýagdaýda wagtym, göwrämdäki çaga düşdi.

Ilkinji gezek talak diýende, meniň Hanafy mezhebinden bolan bir joram bilen gürleşýändigimi hem ony rugsatsyz myhmançylyga çagyrmagymy halamady. Ol muny ‘adamsyna boýun bolmazlyk’ hasap etdi. Ikinji gezek aýdym-saz diňleýändigimi bilip "talak" berdi. Üçünji gezek – güýçli gygyryşanymyzda. Ol maňa adamsy üç gezek “talak” beren bolsa, başga birine durmuşa çykmalydygyny, soň oňa ýaňadan gelip bilýändigini aýtdy.

Onuň bir dosty meni ikinji aýaly bolmaga çagyrdy. Men razy bolmadym. Emma meni yrmak üçin yzarlap başladylar. Bir gezek köçede öňümi gabadylar-da, zor bilen maşyna iteklediler. Men gygyrdym. Meni birnäçe gezek urdular. Meni bir öýe getirdiler, üç gün gulplap sakladylar, garyndaşlarymy çagyrmaga rugsat bermediler. Öňki ärimiň dosty, meni henizem oňa ikinji aýaly bolmalydygymy aýtdy.

Hossarlarym maňa yzygiderli jaň edýärdiler. Netijede, maňa "bar zat ýerbe-ýer" diýip jogap bermäge rugsat berildi. Şol wagt agam jaň etdi. Men hem zor bilen saklanýandygymy aýtmaga ýetişdim. Men ol ýerden tapan sakgal päkisini alyp, olaryň golaýyma gelmezlikleri üçin, elimi kesip başladym.

Agam wagtynda ýetişdi: polisiýa bilen habarlaşdy, meniň ýerleşýän ýerimi GPS bilen tapypdyrlar. Olar tussag edildiler, kazyýet derňewi boldy. Soň psihologlar we teologlar meniň bilen işlediler. Depressiýa düşdüm. Öz janyma kast etmegi ýüregime düwdüm. Tanyşlarymyň öňünde gaty utandym. Bir aýdan soň hijabymy çykardym. Özüm şeýle karara geldim, sebäbi bolup geçenleriň gaýtalanmagyny islemedim.

Indi durmuşym kadalaşýar. Men teologiýany – ylahyýet ylmyny okaýaryn, soň hünärim boýunça işlemek isleýän. Ähli adama, hatda olar namaz okasalar-da, sakgal goýberseler-de, hijaply gezseler-de köre-kör ynanmaly däldigime düşündim. Adaty eşik geýýärin, joralarym we ýoldaşlarym bilen duşuşýaryn, şeýle ýaşamak has täsirli hem gyzykly. Men ene-atam bilen ýaşaýaryn hem işleýärin. Çagamy terbiýeleýärin, hiç zada mätäçligimiz ýok, özüm ene-atama kömek edip bilýän.

Men aýal-gyzlara kömek etmek isleýärin. Biziň sebitimizde adaty däl yslam dinine uýýan şeýle erkekler hem aýallar köp, hatda olaryň çagalary-da bar, ol çagalara howluda oýnamaga ýa-da beýleki çagalar bilen gatnaşyk gurmaga rugsat berilmeýär. Salamlaşmagy bes eden gyzlaram bar, ärleri gadagan edenligi sebäpli, indi men "beýle dälmişim".

Biziň sebitimizde gyzlaryň problemasy köp, ençemesi raýat nikasynda ýaşaýar, sebäbi erkekler resmi taýdan nikadan geçmek islemeýärler – bu olar üçin gaty amatly, hatda çagalaryny-da ejesiniň adynda ýazdyrýarlar.

Olar menden adamsyny nädip üýtgedip boljakdygyny soraýarlar. Diňe aýrylyşmaly, gitmeli, ýogsam başga ýol ýok diýip jogap berýärin, muny özüm başdan geçirdim.

ÝAGDAÝY DINI BILERMEN HEM PSIHOLOG DÜŞÜNDIRÝÄR

Garagandaly teolog Araý Bakirowa yslamda talak arkaly aýrylyşmagyň kanunydygyna garamazdan, din muny isläp barmaýandygyny aýdýar.

— Bu, Alla tarapyndan makullanan, ýöne Allanyň halamaýan çäresi. Ol şeýtan üçin uly şatlyk, sebäbi maksatlarynyň biri musulmanlary aýyrmak. Şeýle-de bolsa, talak rugsat berlen, ýöne islendik ýagdaýda däl-de, diňe ýeterlik sebäplere görä. Eger erkek adamyň gahary gelse ýa-da ownuk bir zady halamaýan bolsa, talak bermeli däldir. Maşgalada kynçylyklaryň ýüze çykýan wagtlar bolýar, ýöne bilimli ýaşulular, yslam bilermenleri bilen maslahatlaşyp, maşgala psihoterapewtine ýüz tutup, käbir zady düzetmäge mümkinçilik bar. Şeýle mümkinçiligi-de synap görmeli. Asla hiç zat täsir etmese, her niçik işlenmeýän bolsa-da, talak üçin rugsat edilýär – diýip, Bakirowa düşündirýär.

Emma şeýle ýagdaýlar bolýar, aýalyň abadançylygy göz öňünde tutulanda, talagyň gowulyk bolup biljekdigine ylahyýetçi ynanýar.

— Hakykatdanam aýylganç sütem bolan ýagdaýynda, aýal-gyzlara "dem almaga" rugsat berilmeýän, kemsidilen, ýenjilen, erkin ynsan bolmak gadagan edilen halatynda, aýrylyşmagyň has köp artykmaçlygy bolup biler. Maşgalanyň dargamagyna Alla razy däl. Ýöne aýal urlup-ýenjilse hem kemsidilse, beýle maşgalada çagalar maşgala gatnaşyklarynyň dogry nusgasyny görüp bilmezler, munda çagalaryň hatyrasyny ileri tutmak, terbiýe jogapkärçiligini öz üstüňe almak gerek – diýip, ylahyýetçi aýdýar.

Aktöbe şäheriniň «Ansar» maslahat beriş we bejeriş merkeziniň psihology Elmira Adilhanowanyň pikirine görä, maşgalanyň talak ýoly bilen aýrylyşmagy beýleki zatlar bilen bir hatarda köplenç aýal psihikasyna uly zarba bolýar, sebäbi köplenç beýle aýallar öň ärlerine doly boýun bolup ýaşaýarlar, soňra aýrylyşanlarynda diňe bir ykdysady däl, eýsem intellektual garaşsyzlygyny hem ýitirýärler.

«Aýrylyşandan soň aýal özüni betbagt duýup başlaýar. Öz-özüne igenýär, şowsuz durmuş gurany üçin, bar günäni öz üstüne alýarlar, ene-atalarynyň, ýakynlarynyň öňünde utanç duýgusyny başdan geçirilýär. Olara täze durmuşa öwrenişmek kyn.

Biziň Merkezimizde ýardam telefony bar. Ýakynda bir ýaş maşgala biziň bilen habarlaşdy. Adamsy bilen alty aý ýaşaşyp, talak alandan soň, Aktöbä gaýdyp gelipdir. Bu aýal psihologyň ýanyna baranda, hatda halaýan reňki baradaky ýönekeý soraga-da jogap berip bilmedi. Ynamsyz ýagdaýda gara reňki gowy görýändigini aýtdy. Psiholog bilen birnäçe wagtlap işleşenden soň, gülgüne reňki halaýandygyny ýadyna saldy.

Onuň adamsy adaty däl dini ýörelgä eýerýän eken, onuň dürli reňkli eşikde köpçülige çykmaly däldigini, diňe gara köýnek geýmelidigini berk kellesine guýupdyr. Aýal öz göwün-isleglerini ýadyndan çykarypdyr.

Şeýle topardan bolan aýallara çagalykda kim bolmak isleýändikleri barada sorag berlende, ýatlamak oňa kyn düşýär. Olaryň düşünjesinde aýal diňe öý işleri we çagalary terbiýelemek bilen meşgullanmaly diýen pikir bar. Kim bolmak isleýändikleri hakda pikir etmeýärler, diňe äriniň aýdanlaryna eýerýärler. Şonuň üçin talak bilen aýrylyşan aýallar uzak wagtlap özlerini dikelip bilmeýärler» diýip, Elmira Adilhanowa düşündirýär.

Gazagystanda metjitler resmi taýdan graždan ýazlyşygy aktyndan geçmediklere nika gyýmaly däl edildi. Ýöne adaty däl dini herekete eýerijiler beýle düzgüni berjaý etmeýärler, olar üçin metjit hem hökman däl, islendik jamaatdan – topardan bolan adam öýde, kafehanada nika dessuryny berjaý edip bilýär.

Talak – bu örän uly mesele. Jemgyýetdäki diniň arkasynda bukulýan adamlaryň arasynda nikany bozmagyň giň ýaýran görnüşlerinden biridir. “Kanuny nikanyň bozulýan halatynda, jogapkär edaralar tarapyndan statistika ýöredilýär. Ýöne talak bilen aýrylyşan maşgala barada hiç hili statistika ýok" diýip, psiholog sözüni jemleýär.

Illýustrasiýalar — Shapalaque

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG