Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aziýa yklymynda COVID ýagdaýlary gürelýär


Illýustrasiýa suraty

Aziýa yklymynyň käbir sebitleri, koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň ýaýramagy bilen, pandemiýanyň iň agyr tapgyrlarynyň birini başdan geçirýärler.

Günorta Koreýada pandemiýa başlanaly bäri gündelik ýolugýanlaryň rekord sany hasaba alnyp, ol 2 müň adamdan hem aşdy. Günorta Koreýa pandemiýanyň aglaba döwründe wirusy belli bir derejede jylawlamagy başaran bolsa-da, soňky hepdeleriň dowamynda koronawirusyň delta görnüşiniň ýaýramagynyň öňüni almakda kynçylyklary çekýär.

Wirus Malaýziýa, Taýlanda, Indoneziýa, Wýetnama, Filippinlere hem uly zarba urdy. Munuň bilen baglylykda girizilen saglyk çäklendirmeleri regionyň ykdysadyýetine hem eýýämden ýaramaz täsirini ýetirip başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG