Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Asuda adamlary ewakuasiýa etmäge kömekleşjek amerikan goşunlary Owganystana gelip başlady


Bagram bazasyndaky owgan esgeri. Arhiw suraty
Bagram bazasyndaky owgan esgeri. Arhiw suraty

“Talybanyň” edýän giň gerimli hüjümleriniň söweşijileri Kabula barha golaý getirmegi bilen, Owganystana ABŞ ilçihanasynyň işgärlerini ewakuasiýa etmek we howa menzilini goramak üçin iberilýän amerikan güýçleriniň ilkinji tapgyry gelip düşmäge başlady.

Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi 3 müňden ybarat goşmaça goşunyň köpüsiniň 15-nji awgusta çenli bu ýere getiriljekdigini we olaryň Owganystandan "her gün müňlerçe adamy çykaryp biljekdigini" aýtdy.

Goşmaça harby güýçleriň iberilmegi soňky günlerde demirgazykdaky Hyradyň we günortadaky Kandagaryň synmagy bilen, talyban hüjüminiň has tizleşen wagtyna gabat geldi.

Ýurduň ikinji uly şäheri bolan Kandagaryň we üçünji uly şäher bolan Hyradyň synmagy Kabula hem basym hüjüm edilip biljekdigi baradaky gorkyny döretdi.

Kirbi "Talyban" söweşijileriniň şäheri izolirlemäge synanyşýana meňzeýändiklerini boýun aldy, ýöne paýtagtyň "gutulgysyz howp astynda däldigini" aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden esasan Kongresde goşun çykarmagyň ýalňyşlyk bolandygyny we ýaramaz planlaşdyrylandygyny aýdýan respublikan köplüginiň tankydy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Senatdaky azlyklaryň lideri Miç Makkonnell (Respublikan-Kentukki) 13-nji awgustda ABŞ-nyň “Talybana” garşy howa zarbalaryny urup başlamalydygyny we owgan güýçlerine goldaw bermelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG