Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan gaçyp gelen owganlary saklaýar. "Talyban" Kabuly güýç bilen almajakdygyny aýdýar


Ýörite operasiýalar boýunça serkerde, general Saýed Sami Sadat Kabulyň howpsuzlygyna jogapkär edilip bellendi. 2021-nji ýylyň 15-nji awgusty

Öz söweşijileriniň ýurtda çalt depginde gazanylan ýeňişlerden soň owgan paýtagtyna gelip ýetendigi baradaky habarlaryň arasynda, “Talyban” Owganystanyň paýtagtyny "zor bilen" almak planynyň ýokdugyny aýtdy. "Yslam Emirligi ähli güýçlerine şähere girmäge synanyşman, Kabulyň derwezesinde durmagy tabşyrýar" diýip,“Talybanyň” sözçüsi twitterde aýtdy. Emma ady aýdylmadyk owgan resmileri “Associated Press” habar gullugyna “Talyban” söweşijileriniň eýýäm paýtagtyň Garabag we Pagman etraplaryna girendigini aýtdylar.

Prezident köşgi sosial ulgamlarda Kabulyň töweregindäki birnäçe nokatda atyşyk sesleriniň eşidilendigini, ýöne howpsuzlyk güýçleriniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşyklykda, şäheri gözegçilik astynda saklaýandygyny aýtdy.

"Talyban" şähere güýç we söweş bilen girmek niýetiniň ýokdugyny, ýöne Kabula parahatçylykly girmek üçin beýleki tarap bilen gepleşik geçirýändigini" aýtdy.

Şenbe güni “Talybanyň” Owganystandaky dördünji uly şäher we Özbegistan bilen serhetleşýän sebitiň paýtagty Mazar-i-Şerifi basyp alandygy mälim boldy. Sosial ulgamlarda Owganystanyň Haýratan bilen Özbegiýanyň Termez şäherini (Surhandaryýa sebiti) birleşdirýän, Amyerýa derýasynyň üstünden geçýän Dostluk köprüsinde ýygnanan awtoulag kerwenini görkezýän wideo ýaýradyldy. Berilýän habarlara görä, bu ulaglar Mazar-i Şerifden gaçyp, Özbegistandan gaçybatalga soraýan hökümet güýçleriniň wekillerine we asly özbek owgan generaly Abdul Raşid Dostuma degişli.

Emma resmi Daşkent Owganystan bilen serhetdäki häzirki ýagdaý barada, onlarça esgerleri saklandygy barada çap eden beýanatyndan başga, resmi beýanat ýaýratmady.

Özbek hökümeti serhetden geçen 84 owgan esgerini tussag etdi diýip, özbek hökümeti 15-nji awgustda aýtdy we ýene bir topar owgan esgeriniň serhet geçelgesiniň golaýynda toplanandygyny habar berdi.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň çap eden beýanatynda tussag edilen owgan esgerlerine azyk kömeginiň, saglyk bejergisiniň we wagtlaýyn ýaşaýyş jaýynyň beriljekdigi aýdylýar.

Şeýle-de hökümet Termez-Haýratan serhet geçelgesindäki köpriniň owgan tarapynda toplanan owgan esgerleriniň bir toparyna ynsanperwerlik kömegini berýär diýip, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar. Bu köpri iki ýurduň arasyndaky awtoulag we demir ýol baglanyşygy bolup durýar.

Haýratan köprüsi, mart, 2016.
Haýratan köprüsi, mart, 2016.

"Bu adamlara ynsanperwer kömegini bermek çäreler görülýär" diýip, beýanatda hiç bir jikme-jiklik berilmezden aýdylýar.

Özbegistan Kabul bilen goşunlary yzyna gaýtarmak we köprüde emele gelen ýagdaýy düzetmek barada gepleşik geçirýär diýip, resmi beýanatda bellenýär.

Käbir maglumatlara görä, general Dostum serhetden Özbegistana geçipdir we prezident Muhammet Aşraf Ganiniň administrasiýasynyň işgärleri özbek häkimiýetlerinden gaçybatalga sorapdyr. Emma entek bu maglumatlar resmi taýdan tassyklanmady.

"Talyban" 14-nji awgustda Özbegistandan 100 km uzaklykda ýerleşýän sebit paýtagtyny, demirgazykdaky esasy şäherleriň biri bolan Mazar-e-Şerifi basyp aldy.

Şu aralykda, "Talyban" demirgazykdaky esasy şäher Mazar-e Şerifi basyp alanyndan soň 24 sagat hem geçmänkä, gündogardaky esasy şäher Jalalabady ele geçirdi. Şundan soň Owganystanyň paýtagty hökümetiň gözegçiligindäki iň esasy şäher boldy.

"Talyban" gündogardaky esasy şäher Jalalabady ele geçirdi.
"Talyban" gündogardaky esasy şäher Jalalabady ele geçirdi.

"Talyban" 15-nji awgustda Jalalabady söweşsiz aldy we söweşijiler Nangarhar welaýatynyň paýtagtynyň häkimliginde düşen suratlaryny sosial mediada ýerleşdirdiler.

Nangarhar welaýatynyň kanun çykaryjysy Abrarullah Myradyň "Associated Press" habar gullugyna aýtmagyna görä, talyban söweşijileri şäheri ýaşulular ol ýerdäki hökümetiň tabyn bolmagy barada gepleşik geçirenden soň eýeledi.

Jelalabadyň we Mazar-e Şerifiň synmagy 14-nji awgustda halka ýüzlenip, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky goşunlar 11-nji sentýabr terror hüjüminden soň “Talybany” agdaraly bäri gazanylan "üstünliklerden" ýüz öwürmezlik wadasyny beren prezident Aşraf Gani üçin yzly-yzyna urlan urgy boldy.

Söweşijiler 15-nji awgustda Maýdan Wardagyň paýtagty Maýdan Şary, Kabuldan 90 km çemesi aralykdaky şäheri hem eýeledi diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Azadi radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň ýurtdan çykarylmagy bilen, Owganystanyň hökümetine edýän basyşlaryny güýçlendiren "Talyban" soňky bir hepdäniň dowamynda ýurduň uly bölegini ele geçirdi.

Hüjümler geçen hepde güýçlendi we owgan goşunlarynyň goranyşa düýpden ukypsyz ýaly bolup çykmagy günbatar hökümetlerini haýran galdyrdy. Şu aralykda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Angliýa öz raýatlaryny we özlerinde işleýän owganlary ewakuasiýa etmek üçin goşmaça goşun iberdiler.

"Talyban" öz beýanatynda şeýle uly tizlikde gazanan üstünlikleriniň owgan halky tarapyndan giňden kabul edilendigini görkezendigini aýtdy we owganlylaryň hem, daşary ýurtlularyň-da howpsuz boljakdyklaryna ynandyrdy.

"Talyban", hemişe-de bolşy ýaly, olaryň janyny, emlägini we abraýyny gorar, öz söýgüli halky üçin asuda we howpsuz gurşaw döreder " diýip, beýanatda diplomatlaryň we kömek işgärleriniň hem hiç hili kynçylyk çekmejekdigi aýdylýar.

Bu ýagdaýlar birleşip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 14-nji awgustda 82-nji howa güýçleri diwiziýasyndan 1000 esgeriň iberilmegine rugsat bermegini itergi berdi.

Olar ABŞ-nyň harby işgärleriniň "tertipli we howpsuz" çykarylmagyny üpjün etmek üçin 12-nji awgustda tassyklanan 3000 töweregi goşundan başga, goşmaça güýç bolar. Olar diplomatik howpsuzlygy goramak üçin ýurtda galan we häzir Kabulda ýerleşýän 650-den gowrak harby işgäre goşular.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG