Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Albaniýa, ABŞ-nyň haýyşy boýunça, owgan bosgunlaryny kabul eder


Owganystan. Içerki bosgunlar.
Owganystan. Içerki bosgunlar.

Albaniýa ABŞ-nyň “Talybanyň” çalt depginde ilerlän hüjümleri sebäpli öz ýurdundan gaçýan owganlary wagtlaýyn kabul etmek baradaky haýyşyny kabul etdi.

Premýer-ministr Edi Rama 15-nji aprelde Facebookda ABŞ-nyň administrasiýasynyň golaýda Albaniýadan ahyrynda Birleşen Ştatlara gelmeli owgan bosgunlarynyň bir bölegi üçin tranzit ýurt bolup biljekdigini ýa-da däldigini sorady diýdi.

"Biz diňe öz beýik ýaranlarymyzyň soraýanlygy üçin däl-de, eýsem Albaniýadygymyz üçin 'ýok "diýmeris" Rama özüniň Facebook sahypasynda aýtdy.

Şu hepde çeşmeler "Roýters" habar gullugyna ABŞ-nyň administrasiýasynyň Kosowa we Albaniýa ýaly ýurtlar bilen Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyk eden owganlary ABŞ wizalaryny tassyklamak işi tamamlaýança, “Talyban” ar alyşlaryndan goramak barada gepleşik geçirendigini aýtdy.

Kosowanyň premýer-ministr Albin Kurtiniň adminstrasiýasynyň başlygy Luan Dalipi bolsa öz hökümetiniň ABŞ häkimiýetleri bilen owgan bosgunlaryny ýerleşdirmek barada iýul aýynyň ortalaryndan bäri aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.

"Biz ullakan logistika, tehnika, gorag we durmuş işlerini örän dykgatlylyk bilen berjaý edýäris” diýip, Dalipi aýtdy.

XS
SM
MD
LG