Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystanda dowam edýän ewakuasiýa işleri üçin daşary ýurt döwletlerine öz howa giňişligini hödürleýär


"Talybanyň" Kabulda häkimiýeti ele geçirmegi bilen, howpsuzlyk aladalarynyň arasynda ençeme daşary ýurt döwletleri öz raýatlaryny we owgan bosgunlaryny Owganystandan çykarmak işlerini dowam etdirýär.
"Talybanyň" Kabulda häkimiýeti ele geçirmegi bilen, howpsuzlyk aladalarynyň arasynda ençeme daşary ýurt döwletleri öz raýatlaryny we owgan bosgunlaryny Owganystandan çykarmak işlerini dowam etdirýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 19-njy awgustda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýörite beýanat çap edip, Owganystanda dowam edýän ewakuasiýa işleri üçin daşary ýurt döwletlerini öz howa giňişligini bilen üpjün edýändigini habar berdi.

Geçen hepdäniň ahyrynda “Talybanyň” gysga wagtyň içinde Kabulda häkimiýeti ele geçirmegi bilen, howpsuzlyk aladalarynyň arasynda Owganystandaky ençeme daşary ýurt wekilhanalary öz raýatlaryny we owgan bosgunlaryny bu ýurtdan ewakuasiýa etmek işlerine bat berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň “halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly” daşary ýurt raýatlarynyň Owganystandan howa gämileri bilen çykarylmagy üçin “özüniň howa giňişligini üpjün edýändigini” aýtdy.

Geçen hepdäniň ahyrynda Owganystanda bolup geçen wakalara türkmen hökümeti dessine resmi reaksiýa bildirmese-de, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bir bada üç beýanat çap edip, Türkmenistanyň Owganystany ýakyndan synlaýandygyny mälim etdi.

Ýöne, türkmen hökümeti Owganystandan Türkmenistana geçmäge synanyşýan owgan bosgunlary barada dymýar.

Azatlyk Raidosy 16-njy awgustda Türkmenistanyň Owganystandaky zorlukdan gaçyp, türkmen serhedine sygynan owgan harbylaryny we ýerli etniki türkmenleri öz çägine goýbermändigini habar berdi.

Türkmenistan “Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy” boýunça halkara konwensiýa 1998-nji ýylda goşuldy.

XS
SM
MD
LG