Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe owganystanly Kabulyň aeroportunyň daşynda jemlenmegini dowam etdirýär


Soňky 20 ýylyň dowamynda halkara goşunlary bilen işleşen owganlar “Talybanyň” olardan ar almagyndan howatyr edýärler.
Soňky 20 ýylyň dowamynda halkara goşunlary bilen işleşen owganlar “Talybanyň” olardan ar almagyndan howatyr edýärler.

Owganystany terk etmek isleýän müňlerçe adam Kabulyň aeroportunyň daşynda jemlenmegini dowam etdirýärler. Bu aralykda, ABŞ we onuň ýaranlary ewakuasiýa işlerini 31-nji awgust soňky möhlete çenli tamamlamak boýunça tagalla edýärler. Prezident Jo Baýden munuň günsaýyn ol ýerdäki ABŞ harbylary üçin has howply bolýandygyny duýdurdy.

Resmiler 25-nji awgusta çenli 75 müňden hem aşa adamyň eýýäm ewakuasiýa edilendigini mälim etdiler.

Emma uly mähelle ýurdy terk etmek umydynda aeroportuň daşynda jemlenmegini dowam etdirýär. Soňky 20 ýylyň dowamynda halkara goşunlary bilen işleşen owganlar “Talybanyň” olardan ar almagyndan howatyr edýärler. Şeýle-de, “Talybanyň” yslamyň kanunlary baradaky ýowuz garaýyşlaryny täzeden ornaşdyrmagyndan howatyr edýänler hem ýurdy terk etmäge howlukýarlar.

Baýden 24-nji awgustda çykyş edip, ewakuasiýa işleriniň kesgitlenen soňky möhlete çenli tamamlamak tertibinde alnyp barylýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol munuň “Talybanyň hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirmegine, biziň ýurtdan çykarýan adamlarymyzyň aeroporta barmagyna rugsat bermegine we operasiýalarymyza päsgelçilik döretmezligine baglydygyny” hem belledi.

“Talyban” ähli halkara ewakuasiýa işleriniň 31-nji awgusta çenli tamamlanmalydygyny aýtdy. Mundan başga-da, jeňçi topary Waşingtonyň ýokary hünärli owganlary ýurtdan çykmagy baradaky çagyryşlaryny bes etmegini sorady.

Baýden “ISIS-K” diýilip bilinýän, ýagny “Horasanyň yslam döwleti” hem atlandyrylýan terroristiki toparynyň hüjüm etmek ähtimallyklarynyň bardygyny hem duýdurdy. Bu topar “Yslam döwleti” toparynyň Owganystandaky bir bölümidir. Onuň “Talybanyň” “ganym duşmanydygy” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG