Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çäklendirmeler ýene güýçlenýär, pagta maskaly ýygylýar, prezident wirusy boýun almaýar, ýöne resmileri işden aýyrýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti birnäçe ýokary wezipeli resmini, şol sanda howply keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak işine jogapkär ýolbaşçylary birbada işden aýyrdy. Köpler bu wezipe çalyşygyny ýurtda koronawirusyň ýaýramagy bilen agyrlaşýan ýagdaýyň başga bir gytaklaýyn ykrar edilmegi hökmünde kabul etdiler. Türkmenistanda COVID-19 keseliniň we ölüminiň ýaýramagyna garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezek hem muny resmi taýdan boýun almady.

Binäçe ýolbaşçy, şol sanda caglyk pudagynyň resmisi birbada wezipesini ýitirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen, Saglyk we lukmançylyk senagatynyň ministriniň orunbasary we Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugynyň başlygy A.Gylyjow, premýer-ministriň orunbasary M.Geldinýazow, bilim ministri O. Gurbanow we döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy B.Öwezow wezipelerinden çekildi.

Döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu ýolbaşçylar işde goýberen düýpli kemçilikler sebäpli wezipesinden aýrylypdyr. Munuň anyk sebäpleri agzalmady.

Ýokanç keseller merkezleriniň müdirliginiň ýolbaşçylarynyň çalşygy hem bolup geçdi.

25-nji awgustda hökümet mejlisinde wezipe çalyşygy bilen birlikde Türkmenistanyň Adatdan daşary Komissiýasynyň keselleriň ýaýramagyna garşy alyp barýan işleriniň netijeliligine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we howply keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülýän çäreler barada hasabatlar diňlenildi.

Resmi habarlarda koronawirus agzalmady we türkmen ýolbaşçylarynyň ýurtda koronawirusyň ýaýramagy bilen häzirki ýagdaýy ara alyp maslahatlaşyp- maslahatlaşmandygy aýdylmady.

Birnäçe ýolbaşçynyň wezipesini ýitirmegi Azatlyk Radiosynyň we beýleki garaşsyz habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanda koronawirusyň barha ýaýraýandygy, şol sanda "Delta" ştamynyň tapylýandygy, hassahanalaryň hassalardan doludygy we ölenleriň sanynyň ep-esli artmagy baradaky habarlara gabat geldi.

Döwlet baştutany bu gezek hem COVID-19-yň ýurtda çalt ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmedi. Emma köpler koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak işine jogapkär ýolbaşçylaryň iş başyndan aýrylmagyny ýurtdaky keselçiligiň möwjemegine reaksiýasy hökmünde kabul etdiler.

Hususan-da, Lebap welaýatynda saglyk işgärleriniň işden aýrylmagy Azatlyk Radiosynyň Lebapda koronawirusyň ýaýramagy we ölümleriň köpelmegi baradaky köp sanly habardan soň boldy.

Bu aralykda, sebitdäki habarçylarymyz maska dakynmak düzgünine berk gözegçilik edilmegi, mekdep bazarlarynyň ýapylmagy we kafeleriň, restoranlaryň hem dynç alyş desgalarynyň köpçülikleýin ýapylmagy barada 25-nji awgustda habar berdiler. Mundan başga-da, awtoulag bejerýän we ýuwýan kärhanalar hem şol günüň ikinji ýarymynda köpçülikleýin ýapyldy.

Lebapda transport gatnawyna we ýolagçylaryň daşalmagyna degişli täze çäklendirmeler girizilýär. Hususan-da, resmi taksilerden sürüjiniň we ýolagçylar üçin yzdaky oturgyjyň arasynda plastik ýa-da polietilen goragynyň oturdylmagy talap edilýär.

Bu çäklendirmeler ýerli polisiýa işgärlerine-de täsir etdi. Habarçynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Farapdan Türkmenabat şäherine barýan köpriniň üstünde polisiýa işgärleri degişli şahadatnamasyz adamlara geçmäge rugsat bermeýär, hatda para almadan hem ýüz öwürýärler.

Jemgyýetçilik ýerlerinde maskalary dakynmak talaby oba hojalygyna-da täsir etdi. Hususan-da, pagta ýygýanlar ekin meýdanlarynda maskalarda işlemäge mejbur bolýarlar. Soňky günlerde howanyň temperaturasy 43 gradusa ýetýär, yssyda maskalarda uzak wagtlap işleýänleriň arasynda huşuny ýitirýän ýagdaýlar köp bolýar.

Sebitde koronawirusdan ölüm derejesi gitdigiçe ýokarlanýar. Sebitiň ýaşaýyş punktlarynda her köçede her gün birnäçe merhumyň jynazasy bolýar.

Bu döwürde lukmançylyk kömegi hemmä elýeterli däl. Keselhanalarda adam köp, hassahanalaryň köpüsi täze hassalaryň kabul edilmegini togtatdy. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, girdejisi pes maşgalalara ýa-da girdeji çeşmesi bolmadyklara has agyr düşýär.

Keselhanalarda we öýlerde bejermek üçin derman satyn almak kynlaşýar. Üstesine, derman ýazdyrmak we medisina kömegini almak üçin hem töleg talap edilýär.

Işsizleriň sanynyň köpelmegi we ilatyň sosial ýeňillikleri almakdaky kynçylyklaryň fonunda gitdigiçe has köp adam öz ýakynlaryny goldamak we bejermek üçin öz emläklerini satmaga mejbur bolýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG