Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň baş diplomaty Aşgabada sapar etdi


Pakistanyň daşary işler ministri türkmen resmileri bilen gepleşik geçirýär.
Pakistanyň daşary işler ministri türkmen resmileri bilen gepleşik geçirýär.

25-26-njy awgust aralygynda Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi Aşgabada sapar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat berýär. Pakistanyň baş diplomatynyň sapary goňşy Owganystanda "Talybanyň" paýtagt Kabuly eýelemeginden soň ýurtda dörän galagoply ýagdaýlaryň fonunda amal edildi.

26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi diýip, ministrlik belleýär.

Resmi maglumata görä, gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlar hem-de sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagy maksady bilen, sebitleýin özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça geljekki hereketler ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Şol gün Kureşiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda daşary syýasy hyzmatdaşlyga we Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi diýip, resmi maglumatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG