Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň ogly Balkan welaýatyna jogapkär bellenildi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti sebitler boýunça täze jogapkär ýolbaşçylary belledi.

Döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatyna wise-premýerler Çary Gylyjow, Balkan welaýatyna Serdar Berdimuhamedow, Daşoguz welaýatyna Esenmyrat Orazgeldiýew, Lebap welaýatyna Şahym Abdrahmanow, Mary welaýatyna Sapardurdy Toýlyýew, Aşgabat şäherine Çarymyrat Purçekow gözegçilik eder.

Türkmenistanda her ýyl diýen ýaly sebitler we paýtagt boýunça jogapkär emeldarlar bellenilýär we bu karar hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen düşündirilýär.

Emma synçylar ýurtdaky hökümet dolandyryşynyň we kadr syýasatynyň jogapkärçiliksizlige, durmuş meseleleriniň çözülmegine däl-de, çuňlaşmagyna alyp gelendigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG