Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ýaranlary owgan ewakuasiýalaryny tamamlady,  ABŞ YD-a howa zarbasyny urdy


Ispaniýa gelen owganystanlylar
Ispaniýa gelen owganystanlylar

Kabul aeroportunyň daşynda 170 owganlyny we 13 amerikan esgerini öldüren kast ediş hüjüminden kän wagt geçmänkä, 28-nji awgustda urlan ABŞ zarbasy "Yslam döwleti" toparynyň gündogar Owganystandaky agzasyny nyşana aldy.

Bu topar janyndan geçenleriň amala aşyran hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi gündogar Nangahar welaýatyna urlan dron zarbasynyň howa menzilindäki hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Yslam döwleti-Horasan” (YD-H) toparynyň planlaşdyryjysyny öldürendigini aýtdy.

"Adamsyz howa hüjümi Owganystanyň Nangahar welaýatyna edildi. Ilkinji görkezijiler biziň nyşana alnany öldürendigimizi görkezýär" diýip, Merkezi serkerdeligiň kapitany Bill Urban aýtdy.

"Biz asuda ilatdan ölenleriň bardygyny bilmeýäris" diýip, beýanatda bellenýär.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden “Yslam döwletiniň” “Talyban” Kabuly ele geçireninden soň gurnan hüjümi üçin ar alynjakdygyny aýtdy.

“Biz bagyşlamarys. Biz ýatdan çykarmarys. Biz sizi yzarlarys we hasaplaşar ýaly ederis” diýip, Baýden 26-njy awgustda Ak tamyň telewideniýede berlen beýanatynda aýtdy.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky ewakuasiýa missiýasy soňky tapgyryna girdi, sebäbi YD-H toparynyň janyndan geçen hüjümçisi özüni partladandan soň, NATO-nyň köp ýarany bu ýurtdaky amallaryny bes etdi.

Owganlary we öz raýatlaryny howa arkaly Kabuldan çykarmaga gatnaşýan 20-den gowrak ýaran ýurt 27-nji awgustda ewakuasiýa işlerini tamamlandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG