Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýatlaryň "sesini eşidýän döwletde" Sinjiang gazaklaryna garşy repressiýa we şübheli sanjymlar


Hytaýyň konsulhanasynyň alnyndaky pikete gatnaşýan hytaýly etniki gazaklar, olar protest aksiýasyndan soň tussag edilen graždan aktiwisti Baýbolat Kunbolatyň azatlyga goýberilmegini talap edýärler. 2021-nji ýylyň 24-nji iýuny.
Hytaýyň konsulhanasynyň alnyndaky pikete gatnaşýan hytaýly etniki gazaklar, olar protest aksiýasyndan soň tussag edilen graždan aktiwisti Baýbolat Kunbolatyň azatlyga goýberilmegini talap edýärler. 2021-nji ýylyň 24-nji iýuny.

Daşary ýurt habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Sinjiangdaky garyndaşlaryny goramagy haýyş edýän gazaklar Gazagystanda goldaw tapmaýarlar, gaýta olara jerime salynýar we tussag edilýär. Günbatar metbugat neşirleriniň habaryna görä, Gazagystanda we goňşy Özbegistanda koronawirus sanjymlaryna ilatyň şübheli garaýşy, beýleki sebäpler bilen bir hatarda, häkimiýetlere ynamsyzlyk bilen baglanyşykly.

RAÝATLARYŇ «SESINI EŞIDÝÄN DÖWLET» HER KIMI DIŇLEMEÝÄR

"Näme üçin Sinjiang meselesinde geçirilen protestler Gazagystanda güýç almady?" – şeýle at bilen “Merkezi Aziýanyň Oksus jemgyýeti” atly barlag merkezi makala neşir etdi. Makalada Sinjiangdan taryhy watanyna göçüp gelen we fewral aýyndan bäri Hytaýyň Almatydaky konsullygynda piket geçirýän etnik gazaklar barada gürrüň gidýär, olar Hytaýda galan garyndaşlarynyň "syýasy taýdan gaýtadan terbiýeleniş lagerlerden" we türmelerden boşadylmagyny hem-de Gazagystana gelmegine rugsat berilmegini talap edýärler. Hytaýyň Sinjiang welaýatynda gazaklaryň ýagdaýy barada alada edýän ondan gowrak adam diňe bir diplomatik missiýanyň diwarlarynyň daşynda däl, eýsem Hytaý kompaniýalarynyň binalarynyň öňünde, BMG-nyň ofisiniň alnynda hem bu meselä jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge synanyşýar.

Hytaýyň konsullygynyň alyndaky piket: garşy durmagyň 166-njy güni

Gazagystanyň häkimiýetleri protestlere "repressiýa, yzygiderli gözegçilik, jerime hem tussag etmek" bilen jogap berip geldiler. Şäher häkimliginiň wekilleri demonstrantlaryň ýanyna baryp, beýle "hereketleriniň bikanundygyny" aýtdylar. Resmiler bolsa demonstrantçylar bilen duşuşmady, olary ofise çagyryp kabul etmedi. Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Sinjiang barada teswir bermekden ýüz öwürmegiň sebäbini beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk diýip düşündirdi.

Amerikan barlag merkeziniň maglumatyna görä, Sinjiang welaýatynyň gazaklaryny goldamak üçin ýeke-täk çäre 9-njy iýulda ýurduň günbataryndaky Žanaözen şäherinde geçirildi. Demonstrasiýa gatnaşanlar prezident Kasym-Žomart Tokaýewi we beýleki resmi işgärleri öz ildeşleriniň ýürek nalasyna üns bermäge çagyrdylar.

“Žanaözeniň ýaşaýjylarynyň nägilelik çykyşlaryny möhüm öwrülişik diýip atlandyryp bolar. Ilkinji gezek Sinjiang bendileriniň hossary bolmadyk adamlar köpçülikleýin proteste çykyp, Sinjiangdaky bendileriň agyr ýagdaýyna üns bermek barada, häkimiýetlere açyk çagyryş etdiler" diýip, awtor ýazýar.

Sinjiangdaky ildeşleriniň ýagdaýyna biperwaý garaýan hökümet daşary ýurtdaky beýleki gazaklara bolan garaýşynda "düýpgöter tapawutly” syýasat ýöredýär. Makalada muňa mysal hökmünde Siriýadaky we Yrakdaky konflikt zonasyna gidenler ýatlanýar. Makala “Žusan” operasiýasyna salgylanyp, Nur-Sultanyň ýüzlerçe gazagystanlyny Ýakyn Gündogardan ewakuasiýa edendigi aýdylýar.

Garaşsyzlyk yglan edilenden soňky ilkinji ýyllarda daşary ýurtlardan göçüp gelen bosgunlar Gazagystanda milli köplük bolmadyk gazaklaryň sanyny artdyrmakda "möhüm rol oýnandygyny" awtor ýatlap geçýär. Soňy bilen ol gelýänlere "arzan işçi güýji" hökmünde garalyp başlandy. Soňra olara "ýurduň içerki howpsuzlygyny artdyrýanlar" hökmünde garaldy, aslynda ol parahat adamlara garanda, Siriýada we Yrakda ekstremist toparlaryň hataryndaky söweşýänlerden abanýan howplar has aýdyňdy diýip, makalada bellenýär.

Gazagystanyň hökümeti Siriýadaky we Yrakdaky gazaklary takdyryň kaýyllygynda goýup bolmajakdygyny mälim etdi, ýöne Sinjiangdaky gazaklara beýle "rehimdarlyk" görkezilmedi.

Awtor şeýle netijä gelýär: “Pekin bilen ykdysady gatnaşyklaryň möhümligi sebäpli Gazagystanyň häkimiýetleriniň Sinjiang bilen baglanyşykly islendik görnüşde hereket etmek mümkinçiligi çäklidir. Netijede, etniki garyndaşlyk baradaky mesele döwlet kararlaryny kesgitleýän faktorlar toparyna goşulmaýar. Hökümetiň beýle garaýşy Tokaýewiň 2019-njy ýylda yglan eden "diňe saýlaw kampaniýalary wagtynda däl, eýsem hemişelik esasda jemgyýetçilik çagyryşlaryna jogap bermegi" göz öňünde tutýan raýatlaryň “sesini eşidýän döwlet" syýasatyna ters gelýär. Hytaý konsullygynyň alnyndaky birnäçe aýlap dowam eden nägileliklere garşy repressiw çäreler gazak hökümetiniň içerdäkileri däl, eýsem halkara derejesindäki howpsuzlyk meselesinde diňe peýdaly zatlary eşidýändigini görkezýär".

Häzirki ýagdaýda, döwlet demonstrasiýaçylaryň sesine gulak asmaýan, üstesine-de Hytaýdaky gazaklaryň hukuklaryny goraýan «Атажурт» ýaly ynsan hukuklary guramalaryna basyş edýän wagtynda, “sesleri eşitdirmegiň ýeke-täk ýoly halkyň goldawydyr" diýlip, makalada bellenýär. Ýöne şu wagta çenli Gazagystandaky Hytaýa garşy protestler esasan Pekiniň ykdysady agalygynyň giňelmegine garşy gönükdirildi diýlip, makalada bellenýär. DEGIŞLI MAGLUMAT

«SANJYM BILEN SYNAG GEÇIRMEK»

Iňlis dilindäki Eurasianet web sahypasy Gazagystan bilen Özbegistanyň “düýpli öwrenilmedik sanjymlary koronawirusa garşy köp ulanýandygyny”, bu derman serişdelerine köpleriň şübheli garaýandygyny ýazýar.

Sahypanyň maglumatyna görä, Merkezi Aziýanyň iki uly respublikasy çäkli synag maglumatlary bolan sanjymlary ulanýar. Gazagystanly alymlar tarapyndan işlenip düzülen QazVac (Qaz-Covid-In) sanjymlary we Hytaýda öndürilýän ZF-UZ-VAC 2001 barada gürrüň gidýär.

"Biri Gazagystanda, beýlekisi Hytaýda öndürilýän bu sanjymlaryň howpsuzlygy barada hiç hili subutnama ýok. Elbetde, Günbataryň alymlary ýerli häkimiýetleriň bu hereketlerine düşünmek bilen garaýarlar” diýip, awtor ýazýar.

Almatyda QazVac bilen sanjym edilişi. 2021-nji ýylyň 27-nji apreli.
Almatyda QazVac bilen sanjym edilişi. 2021-nji ýylyň 27-nji apreli.

“Kliniki synaglar beýle işlemeli däl. Ine, wakuum – boşluk emele geldi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Günbatar we Hindistan edip bolaýjak ähli zady etmediler. Waksina ýaryşyna global başlangyç hökmünde düşünen bolsalar, sanjymy başgalara-da elýeterli edip bilerdiler" "diýip, Tennessi ştatynyň Wanderbilt uniwersitetinden bolan wirosolog Sanjaý Mişra aýdýar.

Dünýädäki hassahanalary Delta ştammynyň ýaýramagyndan hassalyga uçranlaryň agyr kynçylyklara duçar eden wagtynda, alymlar el gowşuryp oturmakdan, özlerinde bar bolan sanjymlary ulanmagyň has oňatdygyny aýdýarlar.

“Dogrusyny aýtsam, Günbatarda synagdan geçirilen sanjymlaryň hiç biri-de adaty proseduralary berjaý edip bilmedi. Eger sanjym wirusyň ýaýramagyny haýallaşdyryp bilýän bolsa, her niçik ýagdaýda-da ol gowydyr” diýip, Sanjaý aýdýar.

Hytaýda öndürilýän ZF-UZ-VAC 2001 sanjymynyň adyndaky "UZ" gysgaltmasy Özbegistana hormat üçin goýlupdyr. Sanjymyň ilkinji we ikinji kliniki synaglary Özbegistanda geçirildi. 7 müň meýletinçiniň gatnaşmagynda waksinasiýanyň üçünji tapgyrynyň başlamagy bilen özbek häkimiýetleri gyssagly sanjymy tassykladylar. Resmiler koronawirusa garşy sanjymy öndürmekde "bütinleý howpsuz" we "97% täsirli" diýen beýanaty ýaýratdylar.

Gazagystanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň döwlet tarapyndan dolandyrylýan Biosfera howpsuzlygy ylmy-barlag instituty tarapyndan öňe sürülýän sanjym ýurtda iki tapgyr synagdan soň, onuň netijeliligi “96%” diýip mälim etdi. Gazagystanyň Medsupportkz medikleriniň bir topary 96% netijelilige şübhe bildirdi.

“QazVac bilen baglanyşykly meseledäki kynçylyk; bu sanjym barada maglumat ýok. Hökümet bu sanjymyň nähili işlenip düzülendigi ýa-da kliniki synaglaryň netijeleri barada jikme-jik maglumat bermeýär. Bu serişde hakda şübheler bar, oňa-da sebäp köp" diýip, Medsupportkzyň wraçlaryndan biri Botagöz Kaukenowa Eurasianet.org neşirine aýdypdyr.

Gazagystanyň Saglygy saklaýyş ministri Alekseý Tsoý sanjymyň howpsuzdygy subut edildi diýýär. Premýer-ministriň web sahypasynda QazVac-yň "Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sanawyna" girendigi aýdylýar.

“Maý aýynyň ahyrynda döwlet metbugaty prezidentiň [Kasym-Jomart Tokaýewiň] Bütindünýä Saglyk guramanyň baş müdiri Tedros Gebreýusa jaň edendigini hem-de oňa QazVac hakda gürrüň berendigini habar berdi. Şeýle hem onuň 96% netijelidigini aýdypdyr. Şeýle-de bolsa, BSG-niň sanawy diňe sanjymlaryň ösüşini yzarlaýar we bu olaryň hemmesiniň tassyklanandygyny aňlatmaýar" diýip, Eurasianet ýazýar.

Doly synagdan geçmedik sanjymlar bilen ilaty köpçülikleýin immunizasiýa etmek kampaniýasy Merkezi Aziýada köp sanly adamyň sanjymlara şübheli garaýan protestlerini güýçlendirdi. "Erkin habar beriş serişdeleri az, bilim ulgamy gowşak, hökümete ynamsyzlyk we sosial ulgamlardaky galp habarlar sanjyma bolan şübheleri artdyrýar" diýip, makalanyň awtory sözüni jemleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG