Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ sanjym üpjünçiligi üçin 3 milliard dollar maýa goýar


Çagalaryny okuwa elten ene-atalar
Çagalaryny okuwa elten ene-atalar

Birleşen Ştatlar, ABŞ-nyň “dünýä üçin sanjym arsenalyna” öwrülmek tagallasynyň çäginde, olaryň önümçiligini güýçlendirmek üçin, COVID-19 sanjymlarynyň üpjünçiligine 3 milliard dollar çemesi maýa goýar.

Öňümizdäki hepdelerde goýberiljek goşmaça pul sanjym önümçiligine dahylly kompaniýalara we sanjym doldurýan we gaplaýan firmalara gönükdiriler diýip, Ak tamyň COVID geňeşçisi Jeffri Zients 2-nji sentýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Maliýe serişdeleri lipidleri, bioreaktor haltalaryny, turbalary, iňňeleri, şprisleri we şahsy gorag enjamlaryny öndürýän kompaniýalaryň kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler.

"Bu täze maýalar ýurt içinde sanjym öndürmek mümkinçiligini hasam giňelder we ABŞ-nyň dünýä üçin sanjym arsenaly bolmak borjuny ýerine ýetirmegine, Amerikany geljekdäki sanjym işlerine taýýarlamaga kömek eder" diýip, Zients aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň öz ilaty üçin ýeterlik sanjym dozalary bar we ýokançlylyk derejesi ýokary bolan delta görnüşi keselleýänleriň, hassahanalara düşýänleriň we ölýänleriň köpelmegine sebäp bolansoň, sanjym edilmediklere basymrak sanjym etmek üçin köp tagalla edýär.

Birleşen Ştatlar şu ýyl we indiki ýyl beýleki ýurtlara hem ýüzlerçe million sanjym bermegi meýilleşdirýär. Şu wagta çenli ABŞ onlarça ýurda 130 milliondan gowrak sanjym iberdi.

Şeýle-de, waksinalaryň netijeliliginiň peselmegi baradaky aladalar sebäpli, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy şu aýyň ahyrynda amerikalylara üçünji güýçlendiriji sanjymy teklip etmekçi bolýar.

XS
SM
MD
LG