Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek kanun çykaryjylary Mirziýoýewe “milletiň serdary” adynyň dakylmagyny teklip edýärler


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýakyn günlerde "milletiň serdary" bolarmy?
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýakyn günlerde "milletiň serdary" bolarmy?

Ýokary derejeli iki özbek kanun çykaryjysy Özbegistanda tas doly diýen ýaly syýasy häkimiýete eýe bolan prezident Mirziýoýewe “milletiň serdary” diýen hormatly adyň dakylmagyny teklip edýär.  

Bu teklip Merkezi Aziýa ýurtlary 1990-njy ýyllaryň başlarynda garaşsyzlyk gazanaly bäri, sebitde demokratiýa garşy ýoň bolan bellemşa meýilleriň birine – ýurtlaryň ilkinji post-sowet liderleriniň öňe süren şahsyýet kultlaryna – razylygyň alamatydyr.

Özbek başlangyjy ilkinjilik bilen, 19-njy awgustda Mirziýoýewiň bitiren işlerine alkyş okap, makala çap eden Senat agzasy Kudratilla Rafikow tarapyndan teklip edildi.

Senator “Şawkat Mirziýoýew fenomeni” atly “alkyşnamasynda” özbekleriň, hususan-da ýaş nesliň prezidente uly ynam bildirýändigini, çagalaryň arasynda onuň giňden sylanýandygyny aýtdy.

Mirziýoýewiň “tebigatynda we häsiýetinde adatdan daşary bir zat bar”. Bu, adamlary “bu adam heý bir uklaýarmyka ýa dynç alýarmyka” diýip, gyzyklanmaga iterýär diýip, senator ýazdy. Onuň sebit liderleriniň arasyndaky uly sarpasy ýurt içindäki çäksiz meşhurlygynyň üstüni ýetirýär diýip, ol sözüne goşdy.

Senator “Mirziýoýew ‘milletiň serdary’ diýip atlandyrylmaga mynasyp" diýip, sözüni jemledi.

Mirziýoýew Daşkentde bir ýetimler öýüne zyýarat edýär. Iýul, 2021.
Mirziýoýew Daşkentde bir ýetimler öýüne zyýarat edýär. Iýul, 2021.

Parlamentiň aşaky öýüniň kanun çykaryjysy Akmal Saidow şondan sanlyja gün soň çap eden makalasynda prezident üçin bada-bat “millet serdary” lakamyny ulandy.

Saidow Mirziýoýewiň Özbegistany ösdürmekdäki roly diýilýäni “hormatlap”, prezidenti “ýurtbaşy” diýip hem atlandyrdy.

Bu resmi däl lakam 2016-njy ýylda Özbegistanyň ilkinji post-sowet lideri Islam Karimowyň ölüminden soň konstitusiýa taýdan şübheli geçiş bilen häkimiýet başyna geçen Mirziýoýewa ýaranjaňlygyň we sylag-hormatyň alamaty hökmünde özbek mediasynda käbir adamlar tarapyndan ulanylýardy.

Mundan ozal özüniň şeýle öwgüli sözleri halamaýandygyny aýdan Mirziýoýew heniz köpçüligiň öňünde bu teklibe reaksiýa görkezmedi.

Täze teklip 24-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlarda Mirziýoýewiň ikinji prezidentlik möhletine dalaş edýän wagtyna hem gabat gelýär.

Özbegistanda ozal geçirilen ähli saýlawlarda bolşy ýaly, bu sapar hem hakyky bäsdeşlik bolmaz, ýurda Günbatar synçy toparlary barmaz. Saýlawlar Mirziýoýewiň dolandyryşyny ýene bäş ýyl uzaltjak resmi çäreden ybarat bolar diýlip hasaplanylýar.

‘Beýik lider [şu ýere adyňyzy ýazmaly]’

Eger-de Mirziýoýewe “milletiň lideri” diýlen at berilse, ol hem şahsyýet kultlarynyň bir bölegi hökmünde şuňa meňzeş atlary göterýän öňki we häzirki Merkezi Aziýa prezidentleriniň hataryna goşular.

Bu meýil 1993-nji ýylda “Türkmenbaşy” adyny alan Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow bilen başlandy.

Gaza baý ýurdy 2006-njy ýyla çenli demir ýumruk bilen ölýänçä dolandyran Nyýazow özüniň gözçykgynç kararlary we artykmaç şahsyýet kulty bilen tanalýardy. Nyýazow özüniň “Ruhnama” kitabyny okuw meýilnamasyna girizdi we ony okamagy hökümet resmilerine hökmany etdi. Türkmenistanyň ýöwsel parlamenti 1999-njy ýylda Nyýazowy ömürlik prezident yglan etdi.

Nyýazowyň yztutary Gurbanguly Berdimuhamedow resmi “Arkadag” adyny kabul etdi. Bu at Berdimuhamedowa 2011-nji ýylda Ýaşulular geňeşi tarapyndan berildi.

Berdimuhamedow 2010-nji ýylda Nyýazowyň Aşgabatdaky altyn çaýylan heýkelini aýryp, türkmenler üçin kult döwrüniň gutarandygy barasynda umyt döretdi. Ýöne bäş ýyl soň, “Arkadag” özüniň ak mermer gaýanyň üstünde oturdylan atyň üstündäki altyn heýkelini dikdirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky altyn çaýylan heýkeli
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky altyn çaýylan heýkeli

Öz ilaty maliýe krizisi we azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz galýan mahaly, Berdimuhamedow köplenç telewizorda ata münýän, agtygy bilen aýdym aýdýan, kitap ýazýan, sport bilen meşgullanýan, maşyn sürýän, ýa-da tebigatda gezelenç edýän görnüşde görkezilýär.

Goňşy Gazagystanda Merkezi Aziýanyň iň iri ykdysadyýetini 2019-njy ýyla çenli dolandyryp, täsirli Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy bolmak üçin işden giden Nursoltan Nazarbaýew özüniň şahsyýet kultuny gülläp ösdürdi.

Gazagystanyň ýöwsel parlamenti 2010-njy ýylda kanun kabul edip, Nazarbaýewa “milletiň lideri” diýen at dakdy. 2019-njy ýylda paýtagt Astana ýurtda heniz hem uly syýasy täsire eýe bolan Nazarbaýewiň Nur-Soltan ady dakyldy.

Nursoltan Nazarbaýew
Nursoltan Nazarbaýew

Abraýly uniwersitet, bir topar mekdepler, köçeler Nazarbaýewiň adyny göterýär. Ýurduň Merkezi banky hem onuň portreti çekilen täze kagyz pullaryny dolanyşyga girizdi.

Täjik kanun çykaryjylary 2015-nji ýylda baýry prezident Emomali Rahmona “milletiň lideri” adyny berdi.

At bilen bir hatarda awtoritar lider we onuň maşgalasy ömürlik kazyýet eldegirmesizligine eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde, Rahmona “Täjigistanyň milli jebisliginiň we asudalygynyň esaslandyryjysy” diýlen at berildi.

Merkezi Aziýada bu ugurda şu wagta çenli ýeke-täk kadadan çykma Gyrgyzystandyr. Bu ýurtda ilkinji post-sowet prezidenti 2005-nji ýylda işden kowulandan soň, prezidentler öz wezipelerinde uzak wagt saklanyp bilmeýär, häzir prezidentler diňe bir möhlet bilen çäklendirilýär we mydama diýen ýaly olar köpçülik protestleri bilen wezipeden çekilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG