Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB talyplar bilen Owganystanyň asuda ilatynyň hatyrasyna işleşer


 ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň başlygy Jozep Borrel
ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň başlygy Jozep Borrel

Ýewropa Bileleşigi radikal “Talyban” hereketi bilen Owganystandaky asuda ilata goldaw bermegiň hatyrasyna aragatnaşyk saklar diýip, ÝB-niň daşary syýasat edarasynyň başlygy Jozep Borrel aýtdy.

Diplomatyň sözlerine görä, talyplar bilen gepleşik olaryň häkimiýetiniň ykrar edilmegini aňlatmaýar. "Bu özara operatiw gatnaşyk" diýip, Borrel ÝB-niň daşary işler ministrleriniň resmi däl ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.

Borrel ÝB-niň talyplar bilen täze owgan hökümetiniň Owganystanyň terrorçylygy beýleki ýurtlara eksport etmek üçin ulanylmazlygyny üpjün etmek we aýallaryň hukuklaryna, metbugat azatlygyna hormat goýmak baradaky borçnamalaryna laýyklykda aragatnaşyk saklajakdygyny aýtdy.

Mundan başga, "Talyban" isleýän adamlaryň ählisiniň gidip bilmek mümkinçiligini hem kepillendirmeli.

Şeýle-de, täze hökümet howpsuzlyk şertlerini döreden halatynda, diplomat Brýusseliň Kabuldaky missiýasynyň yzyna gelmegine taýýardygyny belledi.

XS
SM
MD
LG