Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyn koalisiýasyndaky kiçi partiýalar hökümetden çekilýär


Rumyniýanyň wise-premýeri Dan Barna (çepde) we premýer-ministr Florin Situ
Rumyniýanyň wise-premýeri Dan Barna (çepde) we premýer-ministr Florin Situ

Rumyniýanyň koalisiýa hökümetindäki kiçi toparlaryň ähli agzalary, alty ministr premýer-ministr Florin Situnyň merkezi hökümetine ynamsyzlyk bildirilmegine ýol açyp, 7-nji sentýabrda işden çekildi.

Häzirki koalisiýa Situnyň Liberal partiýasyny, “Rumyniýany halas et” bileleşigini (USR-PLUS) we etniki wenger toparlaryny öz içine alýar. Koalisiýa parlamentiň umumy agzalarynyň 56 göterimini emele getirýär.

USR toparynyň başlygy Dan Barna onlaýn eden çykyşynda “biz öňe barýarys” diýdi.

Ynamsyzlyk bildirmek üçin geçirilýän ses berişligiň wagty belli däl.

1-nji sentýabrda Situ 12 milliard dollara barabar iri taslamany tassyklamadyk adalat ministrini işden boşadansoň, koalisiýada krizis ýüze çykdy.

Geçen hepde krizis boýunça geçirilen gepleşikler Situ üçin goldaw gazanyp bilmedi.

Ynamsyzlyk ses berişligini geçirmek üçin çepçi oppozisiýanyň – sosial demokratlaryň goldawy zerur bolar.

Habar berilmegine görä, prezident Klaus Iohannis heniz hem Situny goldaýar. USR toparynyň başlygy Barna özleriniň hökümet başyndaky koalisiýany Situsyz galkyndyrmak isleýändiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG