Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Makedoniýanyň COVID-19 hassahanasynda azyndan 14 adam öldi


Ýangyn 8-nji sentýabrda, COVID-19 näsaglaryny bejermek üçin ulanylýan bloklarda bolan partlamadan soň ýüze çykdy.
Ýangyn 8-nji sentýabrda, COVID-19 näsaglaryny bejermek üçin ulanylýan bloklarda bolan partlamadan soň ýüze çykdy.

Demirgazyk Makedoniýanyň häkimiýetleri koronawirus näsaglary üçin gurlan wagtlaýyn merkezde dörän ýangynyň azyndan 14 adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdylar.

Ýangyn 8-nji sentýabrda, demirgazyk-günbatar Tetowoda COVID-19 näsaglaryny bejermek üçin ulanylýan bloklarda bolan partlamadan soň ýüze çykdy.

"Tetowo COVID-19 merkezinde ullakan betbagtçylyk boldy" diýip, premýer-ministr Zoran Zaýew twitterde ýazdy. "Partlama bolup, ýangyna sebäp boldy. Ýangyn söndürildi, ýöne köp adam ýitirdik" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Hassahanada koronawirus hassalaryny bejermek üçin ulanylýan kislorod silindrleriniň ýarylmagy netijesinde dörän ýangyn birnäçe sagatdan soň öçürildi diýip, Tetowanyň ýangyn gullugynyň başlygynyň orunbasary aýtdy.

Ýaralanan we paýtagt Skopýedäki keselhana ýerleşdirilen näsaglaryň sany aýdylmady. Partlamanyň sebäbi derňelýär.

XS
SM
MD
LG