Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýörite wekil: "Talybana" serişde berilmese, Owganystana “dargamak” howpy abanýar 


BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Debora Laýons (Deborah Lyons)
BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Debora Laýons (Deborah Lyons)

Owganystana barýan pul akymynyň “Talybanyň” eline düşmezligi üçin kesilmegi ýurda we ykdysadyýete çökmek howpuny salýar diýip, BMG-niň wekili duýdurdyş berýär.

Fundamentalçy toparyň gozgalaňçylykdan ýurdy dolandyrmaga geçmäge synanyşýan wagtynda “Talybana” bir pursat berilmeli diýip, BMG-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Debora Laýons (Deborah Lyons) 9-njy sentýabrda Howpsuzlyk geňeşine ýüzlenip aýtdy.

"Ykdysadyýetiň we jemgyýetçilik tertibiniň doly bozulmagynyň öňüni almak üçin Owganystana pul akmagyna mümkinçilik berýän çykalga tapylmaly we bu iş çalt edilmeli" diýip, Laýons 15 agzaly geňeşe aýtdy. Eger-de maliýe serişdeleri goýberilmese, "millionlarça adamy garyplyga we açlyga sezewar edip biljek agyr ykdysady çökgünlik Owganystanda köp sanly bosgun tolkunyny döredip, Owganystany hakykatdanam ençeme nesil yza zyňyp biler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Ykdysadyýete ýene birnäçe aý dem almak mümkinçiligi berlip, “Talybana” bu gezek çeýelik görkezmäge, esasanam adam hukuklary, gender we terrorçylyga garşy nukdaýnazardan hakykatdan hem başgaça işlemäge mümkinçilik döreder” diýip, ol aýtdy.

Owganystan ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň ýurtdan doly çykmazyndan we talyplar awgust aýynda Kabulda Günbatar tarapyndan goldanýan hökümeti agdarmazyndan öň hem gurakçylyk, içerki bosgunlyk we gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

Owganystanyň günbatar tarapyndan goldanýan hökümetiniň döwlet býujetiniň 75 göteriminden gowragy daşary ýurt donorlary tarapyndan berildi.

Ýöne “Talyban” häkimiýeti alandan soň bu tölegler bes edildi. Birleşen Ştatlar Owganystanyň merkezi bankynyň 10 milliard dollarlyk emläginiň köpüsini doňduryp, olary Kabuldaky täze dolandyryjylara garşy tutaryk edip ulanýar.

XS
SM
MD
LG