Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky prokuror we içeri işler ministri Gurbanmuhammet Kasymow aradan çykdy


Bezeg suraty

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda iň ýokary wezipelerde işlän we iki prezident döwründe görlen repressiýa çärelerinden aman galan az sanly döwlet işgärleriniň biri hasaplanýan Gurbanmuhammet Kasymow 68 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Azatlygyň çeşmeleri öňki ministriň, wise-premýeriň we ilçiniň COVID-19 hassalygyndan aradan çykandygyny habar berýär.

Wikipedianyň maglumatyna görä, 1976-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlan we öz hünäri boýunça dürli wezipelerde işlän G.Kasymow 1991-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň prokurory bolýar, soňra ol Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, içeri işler ministri, goranmak ministri, adalat ministri, Türkmenistanyň Hytaýdaky, Gazagystandaky baş ilçisi wezipelerinde işläp, 2009-njy ýylyň maýynda 'saglyk ýagdaýy sebäpli' işden boşadylýar.

Ýakyndan tanaýan adamlaryň maglumatyna görä, G.Kasymow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy guralan we prezident Saparmyrat Nyýazowyň işden çekilmegine çagyran ýörişe gatnaşanlaryň aldawa salnyp, Mollanepes teatrynyň ýanynda dargadylmagyna we soňra tussag edilmegine, 30 töweregi protestçiniň özlerine bildirilen galplaşdyrylan günäleri mejbury boýun aldyrylmagyna hem-de olaryň dürli möhletlerde azatlykdan mahrum edilmegine ýolbaşçylyk edip, şol wagt milli howpsuzlyk edarasyna ýolbaşçylyk eden Saparmyrat Seýidow bilen bäsdeşlikde öňe saýlandy we prezidentiň iň ynamdar adamy boldy.

Türkmen mediasy ozalky döwlet işgäriniň ölümi hakyndaky habary çap etmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG