Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŞHG-nyň sammitinde Owganystan üns merkezinde bolar


Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 2019-njy ýylda Bişkekde geçirilen sammitinde düşürilen surat.
Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 2019-njy ýylda Bişkekde geçirilen sammitinde düşürilen surat.

"Talybanyň" Owganystanda dolandyryşa geçmegine şaýat bolan çylşyrymly awgust aýyndan soň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) 16-njy sentýabrda Täjigistanda nobatdaky sammiti geçirmäge taýýarlanýar. Bu sammitde sebitiň barha näbelli bolýan howpsuzlyk ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýewraziýa howpsuzlyk blogy täjik paýtagty Duşenbede geçiriljek duşuşykda öz ünsüni ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçleriniň Owganystandan çekilmeginiň we "Talybanyň" dolandyryşa gaýdyp gelmeginiň regional netijelerine gönükdirer.

Ýewraziýa howpsuzlyk blogunyň düzümine Hytaý, Hindistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan girýär.

Biri-birinden tapawutly bu ýurtlaryň resmileriniň nädip umumy ylalaşyga geljekdigi entek belli däl. ŞHG agzalarynyň birnäçesiniň "Talyban" tarapyndan dolandyrylýan Owganystan bilen nähili işleşmelidigi barada dürli garaýyşlary bar.

Bileleşik 20 ýyl mundan ozal döredileninden bäri özüni köptaraplaýyn gurama hökmünde tanadyp, öz işlerini separatizmiň, ekstremizmiň we terrorçylygyň “üç belasy” diýip atlandyrýanynyň töweregine gönükdirdi.

2016-njy ýylda Gyrgyzystanda ŞHG tarapyndan guralan terrorçylyga garşy harby tälim-türgenleşikler
2016-njy ýylda Gyrgyzystanda ŞHG tarapyndan guralan terrorçylyga garşy harby tälim-türgenleşikler

Ýöne ŞHG ýewraziýanyň üýtgeýän geosyýasaty üçin mikrokosmos boldy we bu, guramany sebitde hyzmatdaşlygyň we beýlekileriň regiondaky ambisiýalaryny haýallatmagyň täze usullaryny oýlap tapmak üçin ulanýan Pekin hem-de Moskwa tarapyndan dolandyryldy.

ŞHG-nyň agzalarynyň Owganystandaky ýagdaý babatynda aladalarynyň agdyklyk etmegi bilen, onuň muňa nähili jogap berjekdigi Hytaýyň ýewraziýadaky täsiri we blogyň geljekdäki ähmiýeti üçin uly synag bolar.

Sammitiň ünsi

Ähli üns dolulygyna Owganystana gönükdiriler.

Pekin "Talyban" bilen iş gatnaşyklaryny ýola goýdy, onuň häkimiýete eýedigini ykrar etdi we Owganystany kömek hem-de sanjymlar bilen üpjün etmek barada ylalaşdy.

Bu aralykda, söweşiji topar Hytaýyň “Guşak we ýol başlangyjyny” (BRI) goldamak bilen, Pekine öz hoşniýetliligini teklip etdi we Hytaý tarapyndan içerki howp diýip hasaplanýan radikal uýgur toparlarynyň ýurtda işlemegine ýol bermejekdigini wada berdi.

ABŞ we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň sebitden çykarylmagy Hytaýyň regiondaky täsirini artdyrmagyna hem ýol açdy, ýöne Pekin goňşy Owganystandaky howpsuzlyk boşlugyna siňmezlik üçin öz täsirini aşa köp artdyrmakdan ägä bolýar.

Hytaý muňa derek Merkezi we Günorta Aziýadan umumy çözgüt gözleýär we ŞHG-nyň Pekiniň diplomatik muskullaryny herekete getirip biljek forum bolup biljekdigine umyt baglaýar.

Muňa garamazdan, bu aňsat bolmaz.

Hytaýdan başga-da, Russiýa hem "Talyban" bilen işleşmäge isleglidigini görkezdi. Şol bir wagtda, Owganystan bilen serhedi bolan ŞHG-nyň agzalarynyň arasyndaky birnäçe möhüm gapma-garşylyklar ýola goýulmaly bolar.

Täjigistan "Talybana" duşmançylyk gatnaşykda bolmagyny dowam etdirýär we bu toparyň özüniň içerki howpsuzlygy üçin nämäni aňladyp biljekdigi barada alada edýär. Özbegistan bolsa serhetdäki bulam-bujarlykdan daşda durmaga synanyşan mahaly, topara ýüz tutmak arkaly söweşijiler bilen bir ýüpüň üstünde ýöredi.

Pakistanyň "Talyban" bilen çylşyrymly gatnaşyklary bar, emma Yslamabat onuň esasy howandary bolmagynda galýar.

Şol bir wagtyň özünde Hindistan söweşijilere Pakistanyň wekili hökmünde garaýar we kök uran "Talyban" agalygynyň Deli üçin getirip biljek töwekgelçilikleri barada köpden bäri strategiki aladalary edýär.

Bu gapma-garşylykly garaýyşlaryň arasynda umumy pikir tapmaga synanyşmak uly problema bolup durýar we Pekiniň ŞHG sammitinde näçe eglişik gazanyp biljekdigi guramanyň agzalarynyň Hytaýyň ýolbaşçylygyna näderejede eýermek isleýändikleriniň alamaty bolar.

Nobatdaky sammitde Owganystandaky ýagdaýlardan başga-da, Eýranyň gurama doly agza bolmagy ýa-da bolmazlygy baradaky meseläniň hem maslahat ediljekdigi aýdylýar. Eýranyň ýakynda saýlanan prezidenti Ebrahim Raisiniň sammite gatnaşmak üçin Duşenbä barmagyna garaşylýar.

Şeýle-de, gurama ŞHG-nyň terrorçylyga garşy alyp barýan türgenleşikleriniň we oňa agza ýurtlarynyň harby güýçleriniň arasynda has sazlaşykly işleşmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde şu aýyň ahyrynda Russiýada bilelikde harby tälim-türgenleşigini hem geçirer.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar. Berdimuhamedow mundan ozal iki gezek - 2007-nji we 2016-njy ýyllarda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşdy.

ŞHG kiçi "Şanhaý Bäşliginiň" döwrebaplaşdyrylmagy hökmünde 2001-nji ýylda döredildi. Şondan bäri gurama Sowet Soýuzy dargamagynyň yzýany emele gelen serhet dawalaryny çözmek üçin platforma bolup hyzmat etmäge synanyşdy we soňra howpsuzlyga, ykdysady ösüşe we ynsanperwer kömegine gönükdirilen has giň meýilnama kabul etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG