Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa: Demirgazyk deňze iki ballistik raketany atdy


Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda adamlar Phenýanyň raketa synaglaryna tomaşa edýärler. 15-nji sentýabr, 2021 ý.

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň deňze iki ballistik raketany atandygyny aýdýar. Mundan birnäçe gün öň, Phenýan uzak aralyga niýetlenen ganatly raketalaryň synagyny üstünlikli geçirendigini habar beripdi.

15-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýa ýurduň merkezi sebitinden Koreýa ýarymadasynyň günorta kenarýakasyndaky suwlaryna tarap iki ballistik raketany atdy diýip, Günorta Koreýanyň Bilelikdäki Baş ştaby beýanat arkaly mälim etdi.

Beýanatda Günorta Koreýa we ABŞ aňtaw resmileriniň Demirgazyk Koreýanyň atan raketalarynyň jikme-jikleri boýunça seljeriş işlerini geçirýändikleri hem bellenilýär. Mundan başga-da, Günorta Koreýanyň Phenýanyň gözegçilik tagallalaryna garşy durumyny has berkidendigi aýdylýar.

Mundan birnäçe gün öň, Demirgazyk Koreýanyň resmi Koreýanyň Merkezi Habar Agentligi “uzak aralyga niýetlenen ganatly raketalaryň” täze görnüşiniň synagynyň üstünlikli geçendigini habar berdi, şeýle-de olary “aýratyn ähmiýete eýe bolan strategiki ýaraglar hökmünde” häsiýetlendirdi.

Demirgazyk Koreýanyň döwletiň eýeçiligindäki habar serişdeleri 11-nji we 12-nji sentýabrdaky synaglaryň dowamynda ganatly raketalaryň 1 müň 500 km aralygy uçup şertli nyşanany urandygyny we soňy bilen ýurduň territorial suwlaryna gaçandygyny habar berdiler. Bu soňky aýlaryň dowamynda Phenýanynyň bu görnüşli bilinýän ilkinji raketa synagy boldy. Şu ýylyň başynda Kim Jong Un ýurduň harby mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça görkezme beripdi.

13-nji sentýabrda ABŞ harbylary Demirgazyk Koreýanyň geçen dynç günleriniň dowamynda amala aşyran raketa synaglarynyň onuň goňşy we beýleki döwletlere “howp” abandyrýandygyny duýdurdy.

Soňky synaglar Demirgazyk Koreýanyň, ýadro ylalaşygy boýunça ABŞ bilen gepleşikleriň petige diremegi bilen, özüniň harby gerimini artdyrmak ugrunda tagalla edýändigini äşgär etdi. Phenýanyň munuň bilen ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasyny diplomatiki tagallalaryny täzeden başlatmaga itermegi maksat edinýändigi çaklanylýar.

2019-njy ýylyň aprelinde Wýetnamda Kim Jong Unuň we ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Donald Trampyň arasyndaky sammit netije bermäninden soňra, Phenýanyň raketa programmasyny saklamak boýunça gepleşikler petige diredi.

Demirgazyk Koreýa özüniň ýadro ýaraglary we ballistik raketa programmasy sebäpli girizilen halkara sanksiýalarynyň aşagynda ýaşaýar. Phenýan bularyň ABŞ-dan goranmak üçin zerurdygyny öňe sürýär.

Kimiň hökümeti ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň gepleşikleri gaýtadan başlatmak baradaky tekliplerini häzirlikçe ret edip gelýär.

Baýdeniň administrasiýasy Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaragsyzlandyrylmagyny gazanmak boýunça diplomatiki tagallalara açykdygyny aýtsa-da, sanskiýalary gowşatmak meýilleriniň ýokdugyny hem äşgär etdi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG