Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň”  Baradary içerki dawa-jenjeli, ölüm myş-myşlaryny ret edýär


Abdul Gani Baradar
Abdul Gani Baradar

"Talybanyň" egindeş esaslandyryjysy we premýer-ministriň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Abdul Gani Baradar fundamentalçy toparyň garşydaş topar bilen bolan çaknyşygynda özüniň ýaralanandygy ýa-da öldürilendigi baradaky çaklamalary inkär etmek üçin wideo beýanat etdi.

"Ýok, bu dogry däl, men gowy we sagat" diýip, Baradar 15-nji sentýabrda “Talybanyň” Dohadaky syýasy edarasy tarapyndan Twitterde ýerleşdirilen interwýusynda aýtdy.

Baradar bu wideoda partizançylyk hereketinden Owganystany dolandyrýan topara öwrülmäge synaýan “Talybanyň” Kabuldaky täze hökümetiniň içinde güýçli içerki gapma-garşylyklaryň bardygy baradaky gürrüňleri ret etdi.

"Media bu ýerde içerki dawalaryň bardygyny aýdýar. Biziň aramyzda hiç zat ýok, bu dogry däl" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu inkär etmeler soňky günlerde Baradaryň tarapdarlary bilen Hakkani ulgamynyň tarapdarlarynyň arasynda bolan söweşde öldürilendigi ýa-da ýaralanandygy barada ýaýran myş-myşlaryň arasynda ýüze çykýar.

“Talyban” bilen baglanyşykly topar bolan Hakkani ulgamy täze hökümetde birnäçe ýokary wezipäni eýeleýär.

“Talybanyň” täze bellenen içeri işler ministri Sirajuddin Hakkanynyň inisi Anas Hakkani hem 15-nji sentýabrda bu hereketiň içindäki gapma-garşylyklar baradaky habarlary inkär edip, twitterde beýanat çap etdi.

XS
SM
MD
LG