Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz kazyýeti iki täjigi ömürlik tussag etdi


Batken. Leýlek etrabynyň Maksat obasyndaky täze jaýlar.
Batken. Leýlek etrabynyň Maksat obasyndaky täze jaýlar.

Gyrgyz kazyýeti ýyl başynda gyrgyz-täjik serhediniň jedelli böleginiň golaýynda ýüze çykan ganly etniki çaknyşyklar sebäpli Täjigistanyň iki raýatyna garşy ömürlik azatlykdan mahrum etmek hökümini çykardy.

Abdurozik Kahorowyň we Askar Ýunusowyň garyndaşlary 15-nji sentýabrda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda bu iki adamyň bir gün öň, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken sebitinde talaňçylykda we parahatçylyga garşy jenaýat etmekde günäli tapylandygyny we türmä ugradylandygyny aýtdy.

Garyndaşlarynyň sözlerine görä, kazyýet işi Leýlek etrap kazyýetinde, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Täjik häkimiýetleri kazyýetiň karary barada entek hiç bir düşündiriş bermedi.

Kazyýet häzirki wagtda täjigistanly üç gyrgyz raýatynyň işine seredýär, olar dönüklikde, bikanun serhetden geçmekde we bikanun neşe gaçakçylygyny etmekde aýyplanýar.

Bu aýyplama aprel aýynyň ahyrynda serhet ýakasynda bolan ganly çaknyşyklardan gelip çykýar, şol döwürde 36 gyrgyz raýaty we 19 täjik raýaty öldürildi, iki tarapda onlarça adam ýaralandy.

Goňşy ýurtlaryň häkimiýetleri bu konfliktde birek-biregi günäkärleýär.

Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitleriniň köpüsi 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri dawaly bolmagynda galýar.

Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň serhetleriniň kesişýän ýeri bolan durnuksyz sebitdäki, Fergana jülgesindäki ýagdaý has çylşyrymly hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG