Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Gyrgyzystana sapar edýär


Bişkek. AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Bişkek. AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

AÝ/AR-nyň prezidenti Jeými Flaý Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýwew, garaşsyz habar guramalarynyň wekilleri, metbugat azatlygynyň wagyzçylary, žurnalizm studentleri, Azatlyk radiosynyň ýerli žurnalistleri bilen duşuşyp, AÝ/AR-nyň žurnalizminiň gyrgyz demokratiýasyny goldamakda oýnaýan möhüm roluny maslahatlaşdy.

Flaý öz geçiren duşuşyklarynda gyrgyz hökümetiniň metbugat azatlygyna we bu ýurtdaky žurnalistleriň öz işlerini edip bilmegine berýän goldawyna gadyr goýýandygyny aýdyp, hökümetiň diňe Gyrgyz gullugynyň we “Häzirki zaman” sanly ulgamynyň däl, eýsem bu ýurtdaky we sebitdäki wakalary beýan edýän birnäçe gullugyň žurnalistlerine hem ygtyýarnama berýändigini belledi.

Ol raýat jemgyýetiniň agzalary we Gyrgyzystanyň beýleki habar guramalary bilen hem duşuşdy we hökümet işgärleri bilen ýurtda metbugat azatlygyna abanýan howp baradaky aladalary döreden soňky kanunlar barada pikir alyşdy.

Flaý prezident Žaparow bilen duşuşanda žurnalistleriň Merkezi Aziýanyň köp böleginde ýüzbe-ýüz bolýan kyn ýagdaýy we Gyrgyzystanyň sebitde has möhüm rol oýnamak mümkinçiligi barada hem pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Kazakbaýew bilen bolan duşuşygynda ol Azatlyk radiosynyň bar bolan metbugat taslamalaryny giňeltmek we diňe Gyrgyz Respublikasyna däl, eýsem sebitdäki beýleki diňleýjilere hem hyzmat edýän täze taslamalary döretmek meýilnamalary barada durup geçdi.

Şeýle-de, Flaý Merkezi Aziýanyň Amerikan uniwersitetine baryp, žurnalistika ugrundan okaýan studentler bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG