Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan mekdepleri diňe oglanlar üçin açyldy, "Talybana" garşy ilkinji bomba hüjümleri edildi


Okuwçy gyzlar. Kabul, 15-nji sentýabr, 2021.
Okuwçy gyzlar. Kabul, 15-nji sentýabr, 2021.

Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň Bilim ministrligi orta we ýokary mekdepleriň, medreseleriň 18-nji sentýabrda erkekler üçin gaýtadan açyljakdygyny aýtdy, emma edaranyň aýal-gyzlar babatdaky syýasatynyň düýpli üýtgedilýändigini görkezip, bu mekdeplerde okuwa başlamaly gyzlar barada hiç zat aýtmady.

Bilim ministrliginiň buýrugy, 17-nji sentýabrda çap edilen beýanata görä, altynjy we ondan ýokary synpda okaýan oglanlara we ýetginjeklere, şeýle-de olaryň mugallymlaryna degişli.

Beýanatda gyzlar babatda hiç zat aýdylmaýar. Aşaky synp okuwçylarynyň mekdebe gaýdyp gelmelidiginiň eýýäm aýdylandygy bellenýär.

17-nji sentýabrda Kabulda işçiler aýal-gyzlar meselesi bölüminiň agzyndaky ýazgyny ministrligiň bir zaman talyplar ýurt dolandyranda oýnan ahlak polisiýasy roluna dolanjakdygyny görkezýän ýazgy bilen çalyşdylar.

Şu aralykda Azatlygyň ýerli habarçysy Kabulda we gündogar Owgystanyň Jelalabat şäherinde “Talybana” garşy ilkinji bombaly hüjümleriň amala aşyrylandygyny habar berdi.

Ýol ugrunda ýerleşdirilen bomba talyplaryň ulag kerwenini nyşana alypdyr, ýöne partlamada wepat bolan we ýaralanan adamlaryň asuda ilata degişli bolandygy aýdylýar.

Kabulyň Daştybarçy sebitinde-de ulaglara ýabşyrylýan dinamiki bomba partladylyp, iki sany talyp ýaraglysynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG