Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan partlamalarynda azyndan üç adam öldi, 20-den gowrak adam ýaralandy


Juma namazynda howpsuzlygy üpjün edýän söweşiji. Kabul, Wazir Akbar Kan metjidi, 17-nji sentýabr, 2021.
Juma namazynda howpsuzlygy üpjün edýän söweşiji. Kabul, Wazir Akbar Kan metjidi, 17-nji sentýabr, 2021.

Gündogar Nangarhar welaýatynyň paýtagtynda bolan üç partlamada azyndan üç adam ölüp, 19 adam ýaralandy diýip, Owganystandan gelen habarlarda aýdylýar. Bu ýurtda “Talyban” bir aý gowrak ozal häkimiýeti ele geçireli bolan iň ganly hüjüm hasaplanýar.

Şaýatlaryň we “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň bir agzasynyň sözlerine görä, Jelalabat şäherindäki partlamalaryň azyndan biri “Talyban” söweşijilerini alyp barýan ulagy nyşana aldy. Ýaralananlaryň arasynda aýallar we çagalar hem bar diýip, habarda aýdylýar.

Partlamalar ýol ýakasyndaky bombalaryň ýarylmagy sebäpli ýüze çykdy. Azatlyk bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýerli çeşme asuda ilatdan üç adamyň wepat bolandygyny, talyp söweşijileriniň hem birnäçesiniň ýaralanandygyny, ýöne olaryň sanyny anyklamandygyny aýtdy.

Polisiýa işgärleri biraz öň Kabulda ulaga ýabşyrylan bombanyň azyndan iki adamy ýaralandygyny aýtdy. Kabul hüjüminde anyk kimleriň nyşana alnandygy entek belli däl. "Talyban" bu hadyslar barada hiç zat aýtmady we olaryň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady.

Mundan öň bu hüjüm taktikasy "Talyban" we "Yslam döwleti" ekstremist toparynyň ýerli bölümi bolan "Yslam döwleti-Horasan" (YD-H) tarapyndan ulanylýardy. YD-H söweşijileri Owganystanyň täze dolandyryjylarynyň duşmany bolup durýar.

XS
SM
MD
LG