Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan žurnalistleri Owganystanda žurnalistikanyň ölmeginiň öňüni almaga çagyrýarlar


 "Etilaatroz" gazetiniň gynalan žurnalistleri Neamat Nakdi (çepde) we Taki Darýabi "Talyban" tussaghanasyndan çykanlaryndan soň bedenlerinde galan taýak zylaryny görkezýärler. 8-nji sentýabr, 2021. AFP
"Etilaatroz" gazetiniň gynalan žurnalistleri Neamat Nakdi (çepde) we Taki Darýabi "Talyban" tussaghanasyndan çykanlaryndan soň bedenlerinde galan taýak zylaryny görkezýärler. 8-nji sentýabr, 2021. AFP

100-den gowrak owgan žurnalisti Owganystandaky metbugat azatlygyny goramakda kömek berilmegini sorap, halkara jemgyýetçiligine ýüz tutdy. Žurnalistler bu şikaýaty dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýyna gözegçilik edýän “Serhetsiz habarçylar” (RSF) toparynyň üsti bilen etdiler we ol 18-nji sentýabrda çap edildi.

Syýasy garaýyşlary taýdan dürli-dürli bolan 103 owgan žurnalistiniň, şol sanda 20 zenanyň gol çeken ýüzlenmesinde adam atlary görkezilmeýär. Sebäbi olaryň käbirleri gizlenen, 10-sy bosgunlykda bolsa-da, köpüsi henizem Owganystanda işleýär.

Olar, “1996-2001-nji ýyllarda bolşy ýaly, Owganystanda žurnalistikanyň ölmegini islemeýändiklerini" aýdýarlar. Žurnalistler iň uly we gyssanmaç zerurlygyň gorag kepilligidigini, hususan-da munuň zenan žurnalistler üçin wajypdygyny aýtdylar.

Olar, "Talybanyň" jemgyýetçilik ynandyrmalaryna garamazdan, ýerlerdäki žurnalistlere atylýan haýbatlary, redaksiýa işgärleriniň gorkuzylmagyny we ýaşyryn senzurany nazara alyp, "umumy repressiýa alamatlaryny" görýändiklerini aýdýarlar.

Şeýle-de olar öz ýurtlaryndaky "metbugat azatlygy, garaşsyz metbugat, plýuralizm we žurnalistleriň goragy babatynda soňky ýigrimi ýylda gazanylan üstünlikleri gorap saklamak üçin mobilizasiýa" çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG