Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada ýaragly adam uniwersitete hüjüm edip, alty adamy öldürdi


Perm uniwersitetiniň girelgesinde ýaragly adamyň bir talyp tarapyndan düşürilen suraty.
Perm uniwersitetiniň girelgesinde ýaragly adamyň bir talyp tarapyndan düşürilen suraty.

Russiýanyň Urals sebitiniň Perm şäherindäki uniwersitetde ot açyp, birnäçe adamy öldüren ýaragly adam, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan tussag edilýän pursady ok bilen ýaralanandan soň, häzirki wagt intensiw bejergi bölüminde saklanýar.

Russiýanyň Derňew komiteti öz beýanynda 20-nji sentýabrdaky hüjümde, ýaragly adama ot açylmazdan öň, alty adamyň ölendigini we başga-da 28 sanysynyň ýaralandygyny aýtdy. Komitet mundan ozal atyşykda sekiz adamyň ölendigini mälim etdi.

Saglygy goraýyş ministrligi jikme-jik maglumat bermezden, 24 adamyň keselhanada bejergi alýandygyny aýtdy.

Mundan ozal uniwersitetiň metbugat wekili Natalýa Peçişçewa atyjynyň “ýok edilendigini”, ýöne soňra onuň polisiýanyň tussaghanasynda saklanýandygyny aýtdy.

Köpçülige ýaýradylan wideoda ýaragly adamyň uniwersitet şäherçesindäki bir bina tarap barýan ýoldan ýöräp barşyny görse bolýar. Soňra ol ýerli wagt bilen sagat 11:00 töwereginde uniwersitetiň binalarynyň birine girip, ot açdy. “REN TW” telekanaly adamlaryň uniwersitet şäherçesindäki bir binanyň ikinji gatyndaky penjireden aşak bökýän pursatlaryny görkezýän wideony çap etdi.

Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, jenaýatçy adam ölüm howpy bolmadyk rezin ýa-da plastmassa oklaryny atmak üçin döredilen ýarag ulanypdyr. Şeýle ýaraglary beýleki ok-därileri atmak üçin üýtgedip bolýar. Derňew komiteti bu ýaragy tekiz aw tüpeňi diýip atlandyrdy.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy “RIA-Nowosti” ýerli resmilere salgylanyp, ýaragly adamyň kanuny esasda ýaraga eýeçilik edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG