Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Nyýazow keselhanasynda dyknyşyk, Nyýazow etrabynda üzňelik


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, kakasynyň obasy Yzgantda COVID-19 keselini bejermek boýunça täze klinikanyň açylyş dabarasynda.

Türkmenistanda ilatyň arasynda koronawirusdan ölüm derejesi ýokary bolmagynda galýar, köp adamyň zerur medisina kömegine, dermanlara we iýmite mätäçligi artýar. Ilatyň arasynda aladalar artýar. Resmi maglumatlaryň ýetmezçiliginde we häkimiýetler tarapyndan bolup geçýän wakalaryň inkär edilmeginde ilat arasynda waksinalara ynamsyzlyk artýar. Adam hukuklaryny goraýjy guramalar bolsa, BSG-ni Türkmenistan babatynda çäre görmäge çagyrýar.

Aşgabatdaky hassahanalarda adam köp, koronawirus alamatlary bolan köp adam hassahana ýerleşdirilmeýär. Bu barada 21-nji sentýabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary habar berdiler.

Bu aralykda, olaryň sözlerine görä, kesellänleriň hassahana mejbury ýerleşdirilýän ýagdaýlar hem bar. Köpçüligiň zerur ýagdaýda hassahana alynmaýan wagtynda we olaryň öýde bejergi almaga mejbur edilýän pursadynda, hal ýagdaýy ortaça agyrlykdaky hassalaryň hassahana ýerleşmäge mejbur edilmeginiň gapma-garşy bir ýagdaýdygyny habarçylar belleýär.

"Görnüşi ýaly, bu Parahat-7 etrabyndaky metjidiň golaýynda ýaşaýanlar babatynda edilýär. Ilki olaryň ýanyna lukmanlar, soň polisiýa, üçünji gün bolsa prokuratura işgärleri gelýär. Olar öň "Polimeks" kompaniýasynyň eýeçiliginde bolan binalarda ýerleşýän karantin zolagyna äkidilýär" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Azatlyk bu ýagdaýy resmi taýdan anyklaşdyrmak üçin Aşgabadyň birnäçe saglyk edarasyna jaň etdi, emma düşündiriş alyp bilmedi.

Şol bir wagtyň özünde Aşgabatdaky keselhanalarda hassalar aşa köp. Nyýazow adyndaky keselhanasynyň howlusyna aýak basara ýer ýok. Keselhananyň howlusynda bu ýerde bejergi alýan näsaglaryň hossarlary garaşýarlar.

Keselhana baryp gören habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýerde duran adamlaryň köpüsi ýakynlarynyň koronawirus bilen keselländigini aýdýarlar. Köpüsi garyndaşlarynyň ýagdaýy barada habar almak isleýärler, käbiri ölen ýakynlarynyň özlerine berilmegine garaşýarlar.

Azatlyga gowşan suratda, Nyýazow keselhanasynyň howlusynda ýüzlerçe adamyň oturyp ýa-da dik durup, duranyny görmek bolýar. Biz çeşmeleriň howpsuzlygy üçin suratlary we wideolary çap etmekden saklanýarys.

Bu aralykda habarçylaryň sözlerine görä, paýtagtyň hassahanalarynda ýagdaý biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar. Habarçynyň bellemegine görä, köpler Perinatal merkezine barmaga synanyşýarlar we şonuň üçin bu lukmançylyk edarasynyň nobatçylyk edýän güni tiz kömegi çagyrýarlar, ýogsa bu hassahanada bejergi gymmada düşýär we 6-13 müň manat aralygynda bolýar.

Ýurduň häkimiýetleri koronawirusyň bardygyny inkär edýärler we keseliň hem-de ölümiň ýaýramagy barada resmi düşündiriş bermeýärler. Häkimiýetleriň bolup geçýän wakalara reaksiýa görkezip, esasan, gadagan ediji çäreler we izolýasiýa bilen çäklenýärler.

Soňky bir aýyň dowamynda ýurduň dürli welaýatlarynda tutuş şäherçeler üzňeleşdirildi. Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Nyýazow etraby izolirlendi.

Çeşmelere görä, karantin ölümiň ýokarlanmagy sebäpli 18-nji sentýabrda girizilipdir. Bir hepdäniň içinde etrapda koronawirusdan azyndan 15 adam ölüpdir. Koronawirus ulularda we çagalarda test arkaly anyklanýar. Şeýle-de, bu ýerde pnewmoniýa öýken çişmesi saklanýar. Muny 21-nji sentýabrda Russiýada ýaşaýan we Nyýazow sebitinde garyndaşlary bolan çeşmämiz habar berdi.

Geçen ýylda Daşoguz welaýatynyň Nyýazow adyndaky etraby iň gowy etraby diýlen ada we döwlet býudjetinden 1 million dollar möçberli pula eýe bolupdy.

Çeşmelere görä, Nyýazow etrabynyň ilatynyň aglaba köplügi koronawirusa garşy sanjymy alypdyr.

"Sebitiň ýaşaýjylary, beýle ýokary keselçiligiň dörän ýagdaýynda, sanjymyň geregi näme diýip geň galýarlar" - diýip, çeşmämiz aýdýar.

Türkmenistandaky saglyk işgärleri häzirki ýagdaýyň örän aladalydygyny aýdýarlar. Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly saglyk işgärleri azyndan müňlerçe adamyň koronawirusdan ölendigini çak edýärler. Türkmenistanda koronawirusyň pidalarynyň resmi sany ýok. Häkimiýetler san bermek beýlede dursun, bu keseliň henizem ýurtda ýokdugyny öňe sürýärler.

Türkmenistan ilatyň waksinasiýasyny hökmany etdi. Şol bir wagtyň özünde mugt sanjymlar ýetmezçiligi dowam edýär. Habarçylar Aşgabatda mugt sanjym almagyň kyndygyny, poliklinikalarda köplenç waksina ýok diýip, jogap berilýändigini aýdýarlar. Emma bu ýagdaýda waksinany tölegli edip bolýar. Bu esasanam 6-njy we 16-njy poliklinikalarda edilýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri ýagdaýa iňňän aladaly diýip baha berýärler.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýa halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýärler.

Türkmenistanda adam hukuklaryny goraýjy guramalarynyň wekilleri "Türkmen Helsinki fondy", "Türkmenistanyň Demokratik raýat bileleşigi", "Türkmenistanyň garaşsyz hukukçylar birleşigi", Türkmen.news media çeşmesi we "Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy" guramasy BMG-niň Ýewropa regiony boýunça burosynyň müdiri Hans Klugeniň adyna açyk hat bilen ýüzlendiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň ýüzlenmesinde türkmen hökümetiniň Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugy baradaky resmi beýanatlaryna garamazdan, ýurtda epidemiologiki ýagdaýyň agyrdygy aýdylýar: hassahanalarda adam köp, ilatyň ölüm derejesi ep-esli ýokarlandy, COVID-19-yň ähli alamatlary bolan näsaglara pnewmoniýa diagnozy goýulýar we lukmanlar bu kesel barada maglumat paýlaşmakdan gorkýarlar".

Ynsan hukuklaryny goraýjylar Klugeden Bütindünýä saglyk guramasynyň bu meseledäki pozisiýasyny takyklaşdyrmagy, şeýle hem türkmen hökümetine aç-açan ýüz tutup, oňa garaşsyz laboratoriýa barlaglary üçin koronawirus alamatlary bolan näsaglaryň biologiki materiallaryny ibermek wadasyny ýatlatmagy soraýarlar.

Mundan öň Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdiri Hans Kluge Türkmenistanyň COVID-19 boýunça analiz nusgalaryny BSG-niň barlaghanalaryna ibermek wadasynda tapylmandygyny aýdypdy.

"Gynansagam, şu güne çenli bu meselede öňegidişlik görmedik, ýöne Türkmenistan hökümeti bilen açyk gepleşikleri dowam etdirýändigimizi size ynandyrmak isleýärin" -diýdi Hans Kluge 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda aýdypdy. Şondan soň bu guramadan Türkmenistan barada habar bolmandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG